Şol gün. Şol gara gün. Durmuşyň inçe pagta ýüpine baglydygyny we ertiriň hakykatdanam biziň üçin giçdigine düşündim. Işimi taşlanymdan gysga wagt soň, Ali Osman Aga we aýaly, adatdakysy ýaly gyzyny terbiýeçi bilen galdyrdylar. Çatrykdaky gyzyl çyrada garaşyp durkalar, yşykda durmaýan awtobus olara degeninde ikisi-de öldi. Yzyndan bolsa gözýaşly maşgalalary we ejesiz kakasyz ulaljak gyzy galdyrdylar. Bu habary alanymda gaty gynandym. Kime rehim etjekdigime düşünmedim. Goý, ýatan ýerleri ýagty bolsun. Durmuş hakda soragym şu ýerden başlandy. Kitap ýazmadyk bolsam we işimi taşlamadyk bolsam, heläkçilikde janymy ýitiren bolmagym mümkin. Şonuň üçin wagtym entek gutarmady. Ýöremeli ýollarym, tanamaly adamlarym we görmeli ertirlerim bardy. Bu durmuşda bir sekuntdan soňam uly syr bolup durýan tüsse ýolunda gezýäris. Käwagt wagtlaýyn aýralyklar gapymyzy kakýar, käte gudratlar. Esasy zat, başdan geçirýänlerimize nähili düşünýändigimiz we ony nädip sorag edýändigimizdir. Gazananlarymyz elimizdäki zatlar däl, "Näme berseň, Hudaý, iň gowusyny ber" diýýän dileglerimiz. Durmuşdan bir zat isleýärsuňizmi, ine şunuň ýaly soraň. Galanymy? Galany bolsa üç günlük dünýe-dä.........
Soňy
Miraç Çağrı Aktaş
Terjime eden:SimpleGirl