Dostoýewskiniň "maňa düşünýän ýeke-täk zenan" ýagny Anna, durmuş gurmak teklibi nähili boldy?
29.01.2022
1
Sungat
12
643
Dostoýewskiniň "maňa düşünýän ýeke-täk zenan" ýagny Anna, durmuş gurmak teklibi nähili boldy?
Dostoýewskiý aralarynda 24 ýaş tapawut bolan stenograf (eserleri ýazga geçirýän kişi) Anna'a bir gün şeýle diýýär:
"Diňle, men täze roman taýýarladym. Ýöne soňy meni birneme biynjalyk edýär. Ýaş gyzyň duýgulary garyşýar soňuna. Men Moskwada bolsadym, ýegenim Sonýadan maslahat sorardym, bu gün sizden soraryn.
"Romanda gaty ýaş bolmadyk bir suratkeş bar, bir söz bilem aýdylanda meniň ýaşymdaky bir adam. Bu suratkeşiň durmuşy kyn; kakasyny, aýalyny, garyndaşlaryny, gaty gowy görýän uýasyny ýitirdi. Ol ýeke , lapykeç, görgüli. "
"Şeýle-de bolsa, ol täze bagta teşne. Şol bir wagtyň özünde-de ömrüniň aýgytly pursatynda ýumşak başly, akylly we duýgur bir ýaş gyza duşýar. Siziň pikiriňizçe ýaş gyz ony çyn ýürekden söýüp bilermi?"
"Bir minutlyk ozüňizi onuň ýerine goýuň. Diýeliň suratkeşä men bolaýyn, size söýgimi beýan edeýin, meniň gelinim bolmagyňyzy isläýin sizden. Aýdyň, nähili jogap berersiňiz?"
Anna'nyň jogaby şeýle boldy:
" Sizi söýýänimi, sizi ömrümiň soňuna çenli söýjegimi aýdardym "