❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
28.01.2022 21:33

Şweý­sa­ri­ýa bi­len Ita­li­ýanyň ser­he­din­de ýer­leş­ýän Mat­ter­horn da­gy 4478 metr be­lent­li­gi bi­len Alp dag­la­ry­nyň iň be­ýik no­kat­la­ryn­yň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu da­gyň de­mir­ga­zyk ýü­zi Şweý­sa­ri­ýa­nyň Wa­le kan­to­nyn­da­ky Ser­matt şä­he­ri­ne, gü­nor­ta ýü­zi bol­sa Ita­li­ýa­nyň Brýoý-Çer­wi­ni­ýa şä­he­ri­ne se­red­ýär.
Bu da­gyň özü­ne çe­ki­ji­li­gi, tä­sin­li­gi bol­sa onuň beý­ge­lip pe­sel­ýän aý­law­ly dag bol­ma­gy­dyr. Dün­ýä­de iň köp su­ra­ta dü­şü­ri­len dag ha­sap­lan­ýan Mat­ter­hor­nyň tö­we­re­gin­dä­ki köl­ler onuň aja­ýyp te­bi­ga­ty­na görk goş­ýar. Py­ýa­da üçin ýo­da­la­ry bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan se­bit gyş­ky sport des­ga­la­ry ba­bat­da hem meş­hur­dyr. Bu da­gyň çür de­pe­si­ne çyk­mak di­ňe tej­ri­be­li dag­çy­la­ra ba­şard­ýar. 1865-nji ýyl­da da­gyň iň be­ýik no­ka­dy­na çy­kan il­kin­ji adam Uim­per Eduard ha­sap­la­nýar
© Zaman Türkmenistan |
9
41
MissBoss♕
29 Yanwar 2022
Живой горесим гелди🤩
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.