şahyr, dramaturg, žurnalist, kinosenarist.
Ýuriý Oleşa 1899-njy ýylyñ 19-njy fewralynda (3-nji martda) Russiýa imperiýasynyñ Ýelisawedgrad şäherinde, belorus dworýanlaryň maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň kakasy salgytçy bolup işleýän eken. 1902-nji ýylda maşgala Odessa göçýär. Bu ýerde Ýuriý gimnaziýa okuwa girýär. Eýýäm 16 ýaşyndaka onuň «Klarimonda» atly goşgusy «Южный вестник» gazetinde çap edilipdir. 1917-nji ýylda Oleşa Odessa uniwersitetiniñ hukuk fakultetine kabul edilýär. Okuwynyň daşyndan žurnalist bolup işleýär, goşgy ýazýar. Talyplyk ýyllary Walentin Kataýew, Eduard Bagriskiý, Ilýa Ilf ýaly gelejegiñ belli ýazyjylary bilen dostlaşýar.
1922-nji ýylda ýazyjynyñ ene-atasy Polşa göç edýär. Onuñ özi bolsa Moskwada galýar. Ol bu ýerde ilkibada felýeton hem makalalary bilen çykyş edip ugraýar.
1924-nji ýylda Oleşa «Üç çişik» atly erteki-romanyny döredýär. Emma eser diňe 1928-nji ýylda çap edilýär. Oňa çenli Ýuriý Oleşa özüniň «Göriplik» (1927) atly ikinji romanyny çap etdirip ýetişýär. Bu eser okyjylarda uly gyzyklanma döredýär, tankytçylar bolsa romany XX rus edebiýatynyň iň naýbaşy eserleriniň biri hasaplaýarlar. 1929-njy ýylda ýazyjy bu eseriniň esasynda «Duýgularyň dilleşigi» pýesasyny döredýär. Hupbatly 30-njy ýyllarda ýurduň syýasy ýagdaýy sebäpli Oleşa köp eser döredip bilmeýär. 1936-njy ýyldan başlap onuň esasy eserleriniň çap edilmegi saklanylýar, gadagan edilýär.
Beýik Watançylyk urşy döwri Oleşa Aşgabatda ýaşapdyr. Soň ýene Moskwa dolanypdyr. Halkymyz uruş döwri görkezen ruhy berkligi, gujur-gaýraty hem tutanýerliligi bilen ýazyjyny haýran galdyrypdyr. Bu ýerde ol «Türkmen» atly hekaýasyny döredýär.
Türkmen sowet edebiýatynyñ uly dosty Aleksanr Aborskiý özüniñ "Ýerdäki jennet" diýen ýygyndysyna türkmen ýazyjylary B.Kerbabaýewiñ, A.Gowşudowyñ, Ata Salyhyñ, N.Saryhanowyñ, Ata Köpekmergeniñ edebi portretleri bilen birlikde Ýuriý Oleşanyñ hem edebi portretini girizipdir. Aborskiý muny "Iñ soñky alamanlar" atly kitabynda hem ýatlaýar.
(Maglumat üçin seret: "Sowet edebiýaty" žurnalynyñ 1989-njy ýyldaky 1-nji sanyna seret, 154-155-nji sah.).
Ömrüniň ahyrynda Oleşa özüniň ömri barada, döwri barada kitap ýazyp ugrapdyr. Ol ýazyjynyň ýogalmagyndan bir ýyl geçeninden soň, 1961-nji ýylda «Setirsiz günüm geçmez» ady bilen çap edilipdir.
Oleşanyň ussatlyk bilen döredilen, metaforadan we allegoriýadan doly eserleri soňky dörän hem indiki dörejek ýazyjylara özboluşly mekdep bolup galdy.
Ýuriý Oleşa 1960-njy ýylyñ 10-njy maýynda Moskwada aradan çykýar.