Dowamy...
Eý, göwüs!
Eý deprek, eý taýajyklar-
Heläkçilik alamaty.
Şahyr: «Ine, bary şu!» — diýdi.
— Bagyşlaň welin, bu näme boldugy? — diýip, Meýzlik äm-säm boldy. — Bu ýerde gürrüň
näme barada gidýär?
— O nähili näme barada? Elbetde, awtoulag bilen baglanyşykly heläkçilik barada — diýip,
şahyr geňirgendi. — Eýsem, size düşnüksizmi?
— O diýen däl — diýip, Meýzlik nägilelik bilen gürledi. — Onsoňam, men-ä bularyň
baryndan, nämüçindir «Iýulyň on bäşine, ir sagat dörtde, Žitniý köçesiniň ugrunda, pylan
belgili awtoulag içgili ýagdaýdaky Božena Mahaçkowa atly bir gedaý aýaly ýere ýazyp
gidipdir. Ejir çeken şäher hassahanasyna ugradylypdyr we ol häzir agyr halda…» diýlip,
ýazylan sözler bilen hiç hili umumylyk tapmadym. Siziň goşgularyňyzda meniň pikirimçe,
bular barada ýeke agyz hem anyk maglumat ýok. Hawa…
— Bu görünýän daşky çyn zatlaryň ählisi çig hakykatdyr, — diýip şahyr öz burnuny sypalap
durşuna aýtdy, — A poeziýa bolsa, içki hakykat. Poeziýa — şahyryň aňynda kemala gelen
sýurialistik keşpdir, düşünýäňizmi? Bu okyjynyň şolar bilen anyk düşünişip biljek
baglanyşygydyr — diýip, gürrüňini gyjyt bilen tamamlady.
— Haýyş edýän, aýdyberiň! — diýip, Meýzlik dillendi. — Ýeri, bolýa, hany bu «eseriňizi»
maňa beriň. Sag boluň! Eýsem, munda näme aýdylarka? Hm… «Garalýardy zowwam
hatarda jaýlar…» Nämüçin hatarda? Hany, şujagaz ýerini düşündirseňizläň.
— Žitniý köçesi, — diýip, şahyr parahatlyk bilen söze başlady, — Iki hatar öýler… Indi
düşünýäňizmi?
— A bu nämüçin Milli şaýoluny aňladanok? — diýip, Meýzlik müňkürlik bilen sorady.
— Nämüçini, Milli şaýol beýle göni däl — diýip, kesgitli jogap eşidildi.
— Ine, ýene: «Mandolinde säher saz çalýar niçik…» Ýeri, bolýar. «Gyz gyzarýardy…»
Bagyşlaň welin, bu ara gyz nireden geldi?
— Daň şapagy-da — diýip, şahyr gysgajyk aýan etdi.
— Wah, şeýlemi, günämi öteweriň. «Siz Singapur taýa, ýaryş ulagynda…» diýmegiňiz
nämäni aňladýar?
— Megerem, meniň aňym şol awtoulagy şeýle kabul edendir-dä — diýip, şahyr düşündirdi.
— Ol ýaryş ulagymydy?
— Bilemok. Bu onuň diňe edil ýeriň aýagujuna howlugyp, guduzlan ýaly, ýokary tizlikde
barýandygyndan habar berýär.
— Ah-a, şeýle. Mysal üçin, Singapura? Eý, Hudaý, nämüçin hut Singapura?
— Şahyr eginlerini gysdy.
— Bilmeýärin, belki, ol ýerde malaýziýalylaryň ýaşaýandygy sebäpli bolaýmas-a?
— Muňa malaýziýalylaryň näme dahyly bar? Hä?
Şahyr birhili uýalýan ýaly bolup dymdy.
— Ulagyň reňki goňur bolan bolsa gerek — diýip, şahyr oýlanşykly gürledi. — Ol ýerde
nämedir bir goňur zad-a hakykatdan-da bardy. Ýogsam, munda Singapur näme işlesin?
— Şeýle! Beýleki şaýatlar-a awtoulag gök, garamtyl-gyzyl ýa-da gara diýip görkezdiler. Kime
ynanmaly?
Şahyr:
— Maňa meniň öz reňkim ýakymly görünýär — diýdi.
«Omurlan gül çaňa garylyp ýatyr…» diýip, Meýzlik goşgynyň yzyny okady. — «Omurlan gül»
— belki, bu şol serhoş dilegçidir?!
— Men beýle ýazyp bilmezdim ahyry! Ol zenandy, ine, bolany şu. Düşündiňizmi? — diýip
şahyr lapykeçlik bilen aýtdy.
— Ah-a! A bu näme? «Eý, boýny guwuň! Eý, göwüs! Eý, deprek! Eý, taýajyklar…» Erkin
baglanyşykmydyr?
— Hany, görkeziň! Hm… «Eý, boýny guwuň! Eý, göwüs! Eý, deprek! Eý, taýajyklar…»
dogrudan hem, bu nämäni aňladýarka? — diýip, şahyr biraz eglip, durşuna hüňürdedi.
— Ine, men hem sizden şuny soraýaryn-da — diýip, Meýzlik içýakgynçlyk bilen suňşurdy.
Nerad bir sellem pikirlenip durdy-da:
— Duruň hany! Bu keşpler maňa bir zatlary-ha aňlatjak bolýar… Aýtsaňyzlaň, ikilik san size
guwuň boýnuny ýatlatmaýarmy? Serediň!
Ol galam bilen «2» ýazdy.
— Ah-a, indi gyzykly bolup ugrady! — diýip, Meýzlik içki duýgusyny daşyna çykardy. Soňra:
— Onda bu «… Eý, göwüs!» näme?
— Ol üçlik san ahyry, ol iki sany tegeleklikden ybarat, şeýle dälmi?
— Deprek bilen taýajyklar galdy! — diýip, Meýzlik tolgundy.
— Deprek we taýajyklar… Deprek we taýajyklar… — diýip, Nerad oýa batdy. Soňra:
— Megerem, olar bäşlikdir, hä? Serediň — diýip, ol «5» ýazdy. — Aşaky aýlaw göýä deprek,
onuň ýokarsynda bolsa taýajyklar…
— Şeýle, — diýip, Meýzlik kagyza «235» sanyny ýazdy.
— Siziň, şol awtoulagyň belgisiniň dogrudan-da, iki ýüz otuz bäşdigine ynamyňyz barmy?
— Belgi? Men hiç hili belgi görmedim, — diýip, Nerad aýgytly garşylyk görkezdi. — Ýöne ol
ýerde nämede bolsa, bir zatlar bolandyr, ýogsam, men beýle ýazmazdym. Meniň pikirimçe
bu iň şowly ýer! Siz näme pikir edýärsiňiz?
…Iki günden soň Meýzlik Neradyň öýüne bardy. Bu gezek şahyr ukuda däldi. Onuň ýanynda
haýsydyr bir gyz maşgala otyrdy, soňra ol gyz polisiýanyň wezipeli işgärini oturtmak üçin
yhlas bilen oturgyç gözledi.
— Men bary-ýogy ýekeje minutlyk, — diýip, Meýzlik dillendi. — Size, dogrudan-da şol
awtoulagyň belgisiniň iki ýüz otuz bäşdigini aýtmak üçin sowuldym.
— Nähili ulag? — diýip, şahyryň tasdan zähresi ýarylypdy.
— «Eý, boýny guwuň! Eý, göwüs! Eý, taýajyklar…» — diýip, Meýzlik bir demde aýdyp
goýberdi. — Singapur babatda hem dogry. Awtoulagyň reňki goňur bolup çykdy.
— Ah-a! — diýip, şahyryň araky gürrüňler ýadyna düşdi. Ol:
— Görýäňizmi, içki hakykat näme? Eger, isleseňiz size iki-üç sany goşgy okap berib-ä
bilerdim? Indi siz olara düşünseňiz gerek.
— Indiki gezek! — diýip, Meýzlik howlukmaç jogap berdi. — Haçan-da, mende ýene şunuň
ýaly waka ýüze çykanda, bolýarmy?
1928.
Rus dilinden terjime eden
Annamuhammet Kirşenow.