Tomus agşamydy. Asman tämizdi.
Jana tenekardy salkynjak şemal.
Asmanyň gözleri Ýeriň gözlerne
Göz gypyp, näz aýlap
berýärdi salam.
«Ol gözleň hersiniň öz ady bardyr»
Diýip, atalarmyz ýekeme-ýeke
Atlaryn sanardy, bizem diňlärdik.
Çagalyk ötegçi taýçanak eken.
Toýnaklaryn kakyp geçdi-de gitdi.
Düýn ýalydy weli – eýýäm ol taryh...)
Otyryn ýyldyzlaň adyny ýatlap:
«Zöhre», «Abdalgolak»,
«Ýedigen», «Myrryh».
Otyryn hemmesin ýatlajak bolup,
Gün bataly bäri asmanda gözüm.
Ne-hä tüsse bardy, ne-de bir bulut –
Süýt ýaly asmany synlamak hezil!
Otyryn belentden belende bakyp.
Üç sagatdyr gözüm zar boldy ýere.
Belentlikden ýaňa aýlandy kelläm.
Ýere bakdym weli düzeldi ýene.