Paradise
17.01.2022 16:49
WYSAL

Bu kenara kän gelerdik öňlerem,
Iki ýana towsaklardyk...
Çaga-da!
Deňiz şazadasy saýyp özümiz,
Haşamlap, kän “köşk gurardyk“ çägeden.

Kä pessejik depe ýasanardyk-da,
Oýnardyk biz „salam-salam“ oýnuny.
Balykgulaklardan monjuk düzerdik –
Suw perisi, goý, bezesin boýnuny.

Akja kagyzlardan gaýyjak ýasap,
Arzuwlarmyz salardyk-da gabardyp.
Tereň tolkunlara ataryp ony,
Yzyndan birgeňsi garap galardyk.

Garaşardyk gara çynymyz bilen,
Deňiz düýbi bize dür berer diýip.
Tylla balyk eşider-de dilegmiz,
Gyrylmajak ganat-per berer diýip.

Öwrülip şol pursat Symrug guşuna,
Göwnümiz asmanda ganat kakardy.
Ýyllar geçdi...
Bu oýunbaz tolkunlar
Bizi ýaşlyk kenaryndan çykardy.

Ýyllar geçdi...
Çyndan syzmak isledim,
Dünýäniň şekýetmez bakylygyny.
Geldim ýene bu arzyly kenara,
Alyp çarlaklaryň çakylygyny.

Eý-ho, siziň çynyňyzmy, gözlerim?!
Daňa ýakyn görlen bir düýş mysaly...
Gör-le, hakyt maňa gujak açyp dur
Şo-ol çagalyk arzuwlarmyň wysaly.

Ne gudrat! Şo-ol çäge öýjagazlarmyz
Her biri köşk bolup çykdy öňümden.
Şo-ol tylla balykdan soran ganatym
Pasyrdap çykdy-da aşyk köňülden –
Meni bu mekana seýle äkitdi,
Bakan ýerim – läle-reýhan, gülmeňiz.
Deňiz arzuwlarmy eşden ekeni –
Kenara düzüpdir ähli dürlerin.

Tolkunlarda ýollan gaýyjaklarmyz
Bagta gerlen ýelken bolup gelipdir.
Gijelerne howum basan tolkunlar
Şirin jana melhem bolup gelipdir.

Ýaşlygna dolanan gojaman deňziň
Heser tapan tolkunlary güýjäpdir.
Bilmen, çagalygmyň dady siňipmi –
Hatda onuň suwlary-da süýjäpdir.

Gelýär ýeller suw atyny debsiläp,
Kalbym kerwen-kewen kelama gelýär.
Biz oýnapdyk „salam-salam“ oýnuny,
Gör-ä, bu gün dünýe salama gelýär.

Arzuw hasyl bolmak üçin dörärmiş –
Arzuwlarmyz ganat açyp asmana,
Jennetiň bir künjün alyp gaýdypdyr
Gözel Awazany bagra basmaga...

Kakamyrat REJEBOW
51
34
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
17 Yanwar 2022
👍👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.