TKM.
16.01.2022 10:34
Senden uly ýok diýseler,
Eselmegin sen!
Kaýsyn Kulyýew

Senden uly ýok diýseler,
Eselmegin sen.
Senden kiçi ýok diýseler,
Peselmegin sen.

Özüň kiçi bolsaň – uly boljak bol,
Özüň uly bolsaň – kiçi boljak bol.
«Sen keçe!» diýseler – haly boljak bol,
«Sen haly!» diýseler – keçe boljak bol.

«Sen köçe!» diýseler – ýoda ýaly bol,
«Sen ýoda!» diýseler – köçe boljak bol.
Hem-ä öz ýaşyňdan
Uly ýaly bol,
Hemem deň-duşuňdan
Kiçi boljak bol.

Özüň serdar bolsaň – daýhan boljak bol,
Özüň daýhan bolsaň – serdar ýaly bol.
Gerek bolan güni – iliňe baş bol,
Soň ýene ýer depip, agdar ýaly bol.

Öz gysga ýoluňy, ýalňyz ömrüňi
Şeýdip ýaşagyn sen, şeýdip ötgün sen.
– Baý-baý, adam bolmak
kyn zat eken-ow!
– Ýogsa aňsat zatdyr öýdüpmidiň sen?


11
51
Muhammet2108
17 Yanwar 2022
Kerim Gurbannepesow
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
16 Yanwar 2022
👏👏👏👏👍
TKM.
16 Yanwar 2022
Gülşat Ataýewa,Howwa
gulshatayewa97
16 Yanwar 2022
Kerim Gurbannepesow dämi awtory
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.