https://owrenmeli.app/19044-calt-uklamak.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
14.01.2022 22:15
Ýadawlyk, haýal pikirlenmek, ünsüňi jemläp bilmezlik ýaly sebäpler uka gitmegi kynlaşdyryp bilýär. Biler bolsaňyz, birnäçe minutyň içinde aňsatlyk bilen uka gitmek mümkin. Ine, size uky meseläňizi bir-iki günde çözmäge kömek edip biljek birnäçe ýollar:
Ýatmazdan ozal süýji zat iýmäň! Bedenimizdäki şeker mukdarynyň artmagy ýa-da azalmagy uka gitmekde kösenmegimize ýa-da ukymyzyň bölünmegine getirip biler. Bilermenleriň aýtmagyna görä, uklamazdan 2 sagat öň şeker bilen, şol sanda miweler bilen hem arany üzmelidir.
Ilki bilen 4 sekuntlap uludan dem alyň, soňra 7 sekuntlap demiňizi saklap, ýuwaşjadan goýberiň. Muny 4 gezek yzly-yzyna gaýtalaň! Nähili tapawut edýändigini görersiňiz. Süňňüňiz agralyp, uky basyp ugrar. Bu bolsa size aňsatlyk bilen uklamagyňyza ýardam eder.
Sanlary yzlygyna sanaň! 1, 2, 3, 4, 5, … diýip sanlary başyndan sanamagyň, dogrusy, kän bir peýdasy ýok. Şonuň üçinem sanlary 100-den başlap, üç-üçden azaldyp gaýdyň. Olary sanamagymyzyň düýp sebäbi kellämizdäki dürli pikirlerden ünsümizi sowmak. Şeýlelikde has çalt uka gidersiňiz.
Barmaklaryňyzy owkalaň! Aýagymyzyň barmaklary aslynda bedenimizdäki iň bir duýgur ýerleriň biri. Olary emaý bilen elläniňizde, has çalt rahatlanýarys. Şol sebäpden, her gün ýatmazyňyzyň öň ýanynda olary bir minutjyk owkalaň!
Uky tertibini saklaň! Uky şertleriňiziň üýtgewsizligi möhümdir. Ýatýan otagyňyzyň temperaturasynyň üýtgemezligi we ýatmazdan öň otagyňyzyň bir salym ýelejiredilmegi gerek. Galyberse-de, uky tertibiňizi bozmazlyk üçin her gün şol bir wagtda uklamaga çalşyň! Çeşme:Zaman Türkmenistan gazeti
6
82