❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
14.01.2022 21:55
Myh­man­ha­na­lar dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de sy­ýa­hat sö­ýü­ji­le­ri­ne köp san­ly müm­kin­çi­lik­le­ri hö­dür­le­ýär. Ola­ryň bi­ri hem buz myh­man­ha­na­la­ry­dyr. Buz­dan ýa­sa­lan bu myh­man­ha­na­lar ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, «Buz myh­man­ha­na­syn­da kim gal­ýar?» di­ýen sowal ýüze çykyp biler. Em­ma şeý­le myh­man­ha­na­la­ryn­yň ägirt uly jan­kö­ýer­le­ri hem az däl. Buz myh­man­ha­na­la­ry gyş­ky dynç al­şy­ňy­za ta­pa­wut goş­mak üçin iň amat­ly saý­law­dyr. Do­ly buz­dan ýa­sa­lan otag­da buz dü­şe­gin­de gal­mak ýal­ňyş pi­kir ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, myh­man­ha­na­lar myh­man­la­ry üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün ed­ýär. Kö­pü­si ýaz­da ere­ýän we gyş­da tä­ze­den gu­rul­ýan bu myh­man­ha­na­lar­da dur­mu­şy­ňy­zyň dynç alyş tej­ri­be­le­rin­den bi­ri­ne eýe bol­mak is­le­se­ňiz, dün­ýä­niň iň go­wy buz myh­man­ha­na­la­ry­ bi­len ta­nyş bo­luň!

«Iceho­tel» myh­man­ha­na­sy
Şwe­si­ýa­nyň Ýukkasýarwi obasynda ýer­leş­ýän bu myh­man­ha­na buz myh­man­ha­na­la­ry­nyň il­kin­ji­si­ bo­lup, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň uly buz myh­man­ha­na­sy hök­mün­de bel­li­dir. Ark­ti­ka te­ge­le­gin­den 200 ki­lo­metr demirgazykda ýer­leş­ýän bu myh­man­ha­na her ýy­lyň de­kabr aýyn­dan ap­rel aýy­na çen­li 50 müň ada­my ka­bul ed­ýär. Tor­ne der­ýa­sy­nyň bu­zu­ndan ki­çi­jik oba gör­nü­şin­de gur­lan des­ga­da 55 otag bar. Myhmanlar üçin bu ýerde ke­ýik de­ri­le­ri düşelipdir. Bu bolsa otagyň içini 2 de­re­jede saklamaga ýardam edýär.
«Ho­tel del Glace»­ myh­man­ha­na­sy
Ka­na­da­nyň Kwe­bek we­la­ýa­tyndan 4 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän «Ho­tel del Glace» myh­man­ha­na­sy De­mir­ga­zyk pol­ýu­sa golaý ýer­le­şip, bu ýerde myhmanlar üçin sau­na we beý­le­ki zatlar göz öňünde tutulypdyr. Myhmanhananyň ka­fesin­dä­ki iç­gi­ler buz­dan ýa­sa­lan bul­gur­da hö­dür­len­ýär. Buz otag­la­ryn­da si­ze ber­len ýö­ri­te uky «tu­lum­la­ry­nyň» kö­me­gi bi­len ýy­ly we ra­hat uk­lap bol­ýar. Otag­la­ryň äh­li­sin­de bu­zy eret­me­ýän täsin daş­lar bar.
«Sor­ris­niva Ig­loo» myh­man­ha­na­sy
1999-njy ýyl­da açylanda do­kuz otag­y bolan bu myh­man­ha­na häzirki wagtda otuz otag­ly top­lu­ma öw­rül­di. Ola­ryň dör­dü­si aý­ra­tyn be­ze­len otag­lar­dyr. Myhmanlar Nor­we­gi­ýa­nyň de­mir­ga­zygynda deňiz ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän «Sor­ris­niva Ig­loo» myh­man­ha­na­syn­yň ýanaşyk ýerinde adaty ça­dyr­la­r­da hem ga­lyp bi­lýärler. Şeý­le hem myh­man­ha­na­da buz­ly ka­fe we ýö­ri­te res­to­ran bar.
«Ig­lu» myh­man­ha­na­sy
Fran­si­ýa bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky ki­çi­jik ýurt bolan An­dor­ra­da ýer­leş­ýän «Ig­lu» myh­man­ha­na­sy dag gerişleriniň arasynda ýerleşýär. Bu ýerde meşhur Grand­wa­li­ra şy­pa­ha­na­sy­ hem bar. Deňiz derejesinden 2350 metr be­ýik­lik­de ýer­leş­ýän, bäş sa­ny ota­gy bo­lan bu myh­man­ha­na al­ty ada­ma ni­ýet­le­nendir. Beý­le­kilerden ta­pa­wut­ly­lyk­da bu myh­man­ha­na­da ça­ga­lar we ulu­lar üçin ge­ze­lenç et­mek, ly­ža­da we gar­da typ­mak ýa­ly gy­zyk­ly çä­re­le­r gur­al­ýar. Mun­dan baş­ga-da, myh­man­ha­na­nyň da­şyn­da açyk ka­fe we res­to­ran bar.
«Kir­ne­kes Snow» myh­man­ha­na­sy
Dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den buz heý­kel­ta­raş­la­ry ta­ra­pyn­dan her ýyl tä­ze­den gurulýan «Kir­ne­kes Snow» myh­man­ha­na­sy­nyň be­ze­gi köp­lenç de­mir­ga­zyk halklarynyň dö­re­di­ji­li­gi­niň gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Myh­man­ha­na­nyň 4 de­re­je­ sowuk otag­la­ryn­da müş­de­ri­le­ri ýy­ly sak­la­ýan ýö­ri­te uky «tu­lum­la­ry» bar. Ark­ti­ka se­bi­ti­ne mah­sus iç­gi­ler bi­len myh­man­la­ry ýyladýan ka­fe we ýer­li önüm­ler bi­len taý­ýar­la­nan ta­gam­la­ry hö­dür­le­ýän res­to­ran bar. Bu ýerde spor­tuň gyş­ky gör­nüş­le­rin­den baş­ga-da, buzuň astyndan ba­lyk tut­mak ýa­ly ýer­li halklara mahsus çä­re­ler bi­len gy­zyk­lan­mak bol­ýar.
«Snow Vil­la­ge» myh­man­ha­na­sy
Finl­ýan­di­ýa­nyň bu myh­man­ha­na­ny gurmak üçin her ýyl 15 müň ton­na gar ula­nyl­ýar. 30 orunlyk myh­man­ha­na Ark­ti­ka te­ge­le­gin­den 120 ki­lo­metr demirgazykda ýer­leş­ýär. Otag­lar­da­ky tem­pe­ra­tu­ra -2 bi­len -5 ara­ly­gyn­da­ saklanýar.
«Ho­tel of Ice» myh­man­ha­na­sy
Äh­li buz myh­man­ha­na­la­ry pol­ýu­syň tö­we­re­gin­de ýer­leş­me­ýär. Ru­my­ni­ýa­daky myh­man­ha­na­ Gün­do­gar Ýew­ro­pa­da­ky il­kin­ji buz myh­man­ha­na­sy­ hasaplanýar. 2005-nji ýyl­dan bä­ri Karpat dag­la­ry­nyň jüm­mü­şin­de her ýyl üýtgeşik «Buz» myh­man­ha­na­sy gu­rul­ýar. Myh­man­ha­na Fa­ga­ras dag­la­ry­nyň iň uly buz­luk kö­li Ba­lea Leýk­den al­nan gar we buz bö­lek­le­rin­den gurulýar. Buz bö­lek­le­ri­niň uzynlygy 70 san­ti­met­re ýet­ýär we ag­ra­my 28 kilogram tö­we­re­gi bol­ýar. Her ýyl 8 müň­den gow­rak myh­many kabul edýän myh­man­ha­na bir aýyň do­wa­myn­da gu­rul­ýar.
Çeşme : Zaman Türkmenistan gazeti
7
43
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.