Algoritm we Programmirleme näme?!
Salam, irdeniñiz, gündüziñiz gişligiñiz we agşamñyz haýyrly bolsun!!! diýip bu günki mowzugmuza başlaýas.
Bu mowzugmyzda algoritm we Programmirleme näme? diýen soraga jogap taparys.
Hany onda başladyk:
Ilki bilen Algoritm näme?
Biz okuwda, gündelik durmyşymyzda birnäçe meseleleri çözmeli bolýarys. Olaryñ içinden has ýönekeýlerini pikirlenmäni çözýäris. Meselem, "Mekdebe taýýarlyk görmek" , "Dülandan okuw esbaplarny satyn almak" we ş.m. Şeýle hem "Informatika we informasiýa tehnogiýalary dersinden 5-lik almak" , "Baýramçylyk tortuny taýýarlamak" ýaly kynrak meseleler hem gabat gelýär.
Islendik meseläni çözmek üçin, käbir amallaryñ yzygiderligini ýerne ýetirmeli bolýar. Öñde goýlan meseläni çözmek üçin ýerne ýetirmeli amallaryñ yzygiderligine bu meseläniñ çözülişiniñ algoritmi diýilýär. Algoritm - meseläni çözmek üçin ýerne ýetirilmeli buýruklaryñ gutarnykly yzygiderligidir. Has ýönekeýleşdirenimizde Algoritm bu - edilmeli işleriñ yzygiderligi.
<> sözi (Algorithmus - latyn sözünden alnan) Gündogaryñ meşhur matematigi Muhammet al Horezminiñ (doly ady Abu Abdylla Muhammet Ben Musa al-Horezmi) adyndan gelip çykypdyr. Muhammet al-Horezmi (787-850 ýý.) IX asyrda arifmetiki dört amalyñ ýerne ýetiriliş yzygiderligini işläp taýýarlapdyr. Bu düzgünleri biz sanlary goşmakda, aýyrmakda, köpeltmekde we bölmekde ulanýarys.
Algoritmler diñe bir matemmatikada ulanylman, eýsem beýleki ugurlarda hem ulanylýar. Algoritmler gündelik durmuşymyzda dürli görnüli meseleleri çözmäge kömek edýärler.
Meselem. Nahal ekmegiñ algoritmi:
1) pili, bedräni we nahaly getirmeli;
2) bedrä suw guýmaly;
3) nahal ekiljek ýeriñ çukuryny gazmaly;
4) nahaly şol çukura oturtmaly;
5) nahaly suwarmaly;
6) çykarylan toprak bilen çukury doldurmaly;
7) pili we bedräni äkitmeli.
Çeşme: Informatika we informasiýa tehnogiýalary VI dersinden.
Inni bolsa programmirleme näme diýen soraga jogap tapalyñ.
Programmirleme şeýle bir ugur, meselem bir zat bolsa "senä baryp ýatany ekeniñ" diýýäler.
Programmirlemede algoritmiñ baryp ýatany diýmek mümkin.
Ýagny haýsydyr programmany düzmek(programirlemek). Ol nähili düzülýär? Programma kod arkaly düzülýär. Programma düzüjilere Programist diýilýär. Programmalar kompýuterde düzüleni sebäpli oňa ýörite KOMPÝUTER DILLERI ulanylýar. Ýagny programmada etjek bolýan işimizi kompýuterde kod arkaly beýan edilýär. Onuň kyn ýeri hem biz öz etjek bolýan işimizi KOMPÝUTER DILINDE ýazamana mejbur bolýarys. Kompýuter düşüner ýaly kod ýazmaly. Haçanda biz kody dogry ýazan wagtymyzda kompýuter biziň etjek bolýan işimize düşünip bize netijäni görkezýär. Haçanda biz kody ýalňyş ýazan halatymyzda kompýuter düşünmän biziň programmamyz işlemeýär ýada bize dogry öz isleýän netijämizi bermeýär. Şonuň üçin biziň ýazan kodymyza kompýuter hökmany ýagdaýda düşünmelidir. Kompýutere düşündirilişiniň birnaçe kompýuter dilleri bolýar. Olara PROGRAMIRLEMÄNIŇ DILLERI diýp at berilýär. Häzirki wagtda olaryň meşhur görnüşleri: С++, Java, PHP, Ruby, Swift, Delphi, jаvascript, Python şular degişli bolýar. Programirlemäniň maksady:
1. Programma, 2. Oýun, 3. Web saýt şulary düzmek (programirlemek) üçindir. Şularyň üçüsem programirleme arkaly ýerine ýetirilýär. Bular bolsa biziň gündeki ulanýan zatlarymyzdyr. Siz PROGRAMIRLEMÄNIŇ DILLERINI öwrenip şu zatlary ýasap bilersiňiz. Öwrenmek kyn düşer ýöne höwes bilen öwrenip, programma, oýun, saýt ýasamak isleseniňiz gysga wagtda öwrenersiňiz. Siz öwrenip programma düzeňizde(programirläniňizde) programirlemäni nähili kyn öwrenen bolsaňyzam gynanmarsyňyz. Programirleme boýunça gyzyklanýan soraglaryňyzy sorap bilersiňiz. Eger siz programirleme gyzyklanan bolsaňyz temanyň yzyny dowam ederin! Tema size ýarandyr öýdüp umyt edýän!
@DaykoTM
#HiTechTM