Agaçlaryñ täsin dünýäsi
1 Kaliforniýanyñ Milli Sekwoýa parkynda ýerleşýän "General Şerman " agajy dünýäniñ iñ göwrümli agajydyr.Ýaşy 2300-2700ýyl hasaplanylýan bu agajyñ beýikligi 83,8metre, tutýan meýdany bolsa 1487 metre barabardyr.
2 Hindistanyñ Kadiri şäherinden 25 kilometr daşlykda ýerleşýän "Thimmamma Marrimanu" agajynyñ şahalarynyñ gürlügi bir kiçijik tokaýlygy ýada salýar.Ginnesiñ rekordlar kitabyna giren bu agajyñ şahalarynyñ uzynlygy 19 metre barabardyr.
3 Dünýädäki iñ gadymy agaç Kaliforniýanyñ gündogaryndaky daglyklarda ýerleşýän "Methuselah" agajydyr.Edmund Şulman we Tom Harlan tarapyndan 1957 - nji ýylda agajyñ 4789 ýaşy,ýagny biziñ eýýamymyzdan öñ gözbaş alýandygy subut edilendir.
4 Günorta Afrikanyñ Eço gowaklaryny ýakynlarynda ösýän ýabany injir agajynyň kökleri 120 metre çenli çuňluga uzalyp gidýär. Bu uzynlyk onuň dūnýäniň iň çuň kökli agaçlarynyň biri hökmūnde kabul edilmegine ýeterlik subutnamasydyr.
5" Aždarha agjynyň" iň uly we iň gadymy nusgasy bolan "El Drago Milenario"agajy Ispaniýanyň Drago seýilgähinde ýerleşýär. Meýdany 20metr ,beýikligi 21metr bolan agajyň agramy 140 tonnadan, kökleriň umumy uzynlygy 200 metrden geçýär