N.T.
13.01.2022 15:15
Bulary bilmek gyzykly bsa gerek.

Size dünýa dilleri barada gyzykly maglumatlar:

1.Iň kiçi ýurt bolan Watikanda resmi dil latyn dilidir. Hatda ýurduň bankomat menýusynda hem latyn we iňlis dilleriniň arasynda saýlaw görkezilen.

2.Dialektleriň we dilleriň mukdary boýunça ähli ýurtlaryň arasynda Täze Gwineýa birinji orny eýeleýär. Bu kiçi ştatda bary-ýogy 700 adam bolup, her şäheriniň we obasynyň öz şiwesi bar.

3.Dünýä ýüzünde takmynan 7 müňe golaý dil bar, ýöne ilatyň 70%-i iň köp ýaýran dilleriň 40-syny bilýär. Bu bolsa bar bolan dilleriň ýitip gitmegine sebäp bolýar. Mysal üçin, şu asyryň ortalaryna çenli dünýä dilleriniň sany iki esse azalyp, bar bolan 7 müň diliň 2680-ne ýitmek howpy abanýar.

4.Iň köp gürleşilýän dilleriň hatarynda hytaý dili birinji orny, degişlilikde hindi, iňlis, ispan, arap we rus dilleri eýeleýär. Emma ýurtlarda resmi dil hökmünde kabul edilen iňlis dili (66 döwlet) birinji ýerde durýar.

5.Gadymy wagtlarda rus imperiýasynda 1812-nji ýyldaky watançylyk urşy döwründe-de fransuz dilinde gürlemeklik makul bilnipdir.

6.Ýewropa ýurtlaryndaky dürli ownuk dilleriň ulanylyş çägini giňeltmek maksady bilen Ýewropa diller güni her ýylyň 26-njy sentýabrynda bellenilip geçilýär.

7.Dünýä dilleriniň arasynda iň kiçi elipbiý Bugenwil adasynyň aborigenlerine degişli bolup, ol 11 harpdan ybarat. Kambojada resmi dil bolan khmer diliniň elipbiýi bolsa 72 harpdan durýar.

8.Birnäçe şiwe sözleri bolan abhaz dili täsin dil bolup, onda bary-ýogy iki sany çekimli we 67 sany çekimsiz ses bar.

9.Awstraliýa materiginde XX asyrda 400 dil bolan bolsa, häzir ol ýerde bary-ýogy 25 dilde gürleşilýär.

10.Dünýä dilleriniň ýitip gitmezligi üçin ÝUNESKO tarapyndan dürli möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal hökmünde Halkara ene dili gününiň bellenilmegini aýtmak bolar.

11.Müňlerçe nyşanlary öz içine alýan hytaý dilini öwrenmek köplere kyn ýaly bolup görünýär. Emma onuň ulgamy örän düşnükli bolup, öwrenijiler üçin hem aňsatdyr.

12.Emeli dil bolan esperanto dili Polşada ýaşap geçen göz lukmany L.Zamengof tarapyndan döredilipdir. “Esperanto” sözi terjime edilende “umyt edýän” diýen manyny berýär.
8
120
guli_
13 Yanwar 2022
👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏♥♥♥♥♥
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13 Yanwar 2022
👍👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.