❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12.01.2022 23:16
Gözýetimı bir kilometrden pese düşürýän tebigy hadysa ümür diýilýär. Ol köplenç halatda dag depelerinde ýüze çykýar. Kähalatlarda gat-gat bulutlaryň ýere ýakyn peýda bolmagy netijesinde hem emele gelýär. Bu hadysa howadaky buguň dykyzlaşmagy ýa-da doňmagy arkaly döreýän ownujak suw damjalaryndan ýa-da buzdan emele gelýär. Ümür peýda bolanda örän az mukdarda ownujak mukdardaky damja görnüşinde ýagyş çisňeýän wagty hem bolýar. Ol ekinlere özüniň oňyn täsirini ýetirmek bilen bir hatarda, gün şöhlesiniň öňüni ýapýanlygy sebäpli howanyň salkyn bolmagyna hem getirýär.

Açyk we asuda gijelerde howa sowaýar. Sowuk howa, esasan hem, oý ýerlerde, jülgelerde we sähralarda peýda bolýar. Adatça, ümürli howa gijesine bolýar. Ümüriň emele gelmegi üçin bulutsyz, çygly howa we çalaja şemal şert döredýär.

Dag eteklerinde we depelerinde emele gelýän ümür şemalyň howany dag eteginden ýokaryk itmegi netijesinde ýüze çykýar. Bu ýagdaý howanyň çygly wagty gabat gelýär.

çeşme:Zaman-Türkmenistan gazeti
7
83
guli_
13 Yanwar 2022
Berekella👏👏👏👏👏👏♥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.