https://owrenmeli.app/18998-peydaly-miwe.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12.01.2022 22:54
Geçirilen barlaglar, ýokary gan basyşy we ýüregagyrysy bolanlara limonyň örän peýdaly miwedigini görkezdi. Ýokary gan basyşy özüniň çynlakaý alamatlaryny ýüze çykarman hem bilýär. Bu ýagdaý bolsa, arteriýanyň diwarlaryna zeper ýetirip bilýär. Çünki olar hemişelik stres sebäpli gatap, ýeterlik gan geçirmek üçin zerur bolan giňelmek ukybyny ýitirip ugraýarlar. Bu ýagdaý, ýürekde we beýnide gan aýlanyşynyň peselmegine getirýär. Netijede, ýüregagyrynyň ýa-da insultyň döremegine getirýär. Gan basyşyny peseltmek üçin alada etmek, döräp biläýjek düýpli näsazlyklaryň öňüni alýar. Eýsem, ýönekeý usul arkaly ony düzetmegiň mümkindigi barada köpleriň bilmeýän bolmagy hem mümkin. Gan basyşyny kadalaşdyrýan iň oňat miwelerden biri limondyr. Bu barada Beýik Britaniýanyň Milli saglyk gullugy NHS-niň hünärmenleri habar berdiler.
Hünärmenler «Journal of Nutrition and Metabolism» neşirinde çap edilen maglumatlara esaslanyp, Ýaponiýada zenanlarda geçirilen barlagyň netijelerine salgylanýarlar. Bu maglumatlara görä, her gün limon iýýänleriň gan basyşy limon iýmeýänlere garanyňda, pes bolup çykypdyr. Britan lukmanlarynyň pikiriçe, bu miwe özünde flawonoidler, C witamini we pektin ýaly peýdaly maddalary saklaýar. Olaryň toplumlaýyn täsiri netijesinde, damar ulgamynyň ýagdaýy gowulaşýar, ýürek keselleriniň döremek ähtimallygy hem pese gaçýar. Muny 344,488 adamda geçirilen 14 barlagyň netijesi tassyklady.
Mundan başga-da, syçanlarda geçirilen barlaglarda sitrus miweleriniň ýagly maddasy bolan D-limoneniň gandaky holesteriniň deňagramlylygy saklaýandygyny, «erbet» holesteriniň derejesini peseldip, «gowusyny» artdyrýandygyny görkezdi. Hünärmenler ýürek-damar ulgamyny gowulandyrmak, gipertoniýadan we aterosklerozdan goranmak üçin limon iýmegi maslahat berýärler. Şol bir wagtyň özünde, duzuň we doýgun ýagyň ortaça kabul edilmeginiň we ortaça fiziki işjeňligiň hepdede azyndan, 150 minut derejede saklanmagynyň möhümdigi nygtalýar.Çeşme:Zaman Türkmenistan gazeti
7
101