Saç dökülmegine garşy takyk netije
12.01.2022
1
Saglyk
17
1 959

Saç dökülmegine garşy takyk netije

 • Saçyňyz öňki dykyzlygyny ýitiren bolsa we düşen saçlaryň köpelýändigini görseňiz, howsala düşmäň! Saçyň dökülmegini duruzmak, tarlaryny janlandyrmak we güýçlendirmek üçin birnäçe usullar bar. Şeýle bejeriş usullarynyň biri, saçyň gyzyl burç damjasy (перечный настойка) bolup, netijeliligi  tejribe üsti bilen subut edildi.

 • Ajy gyzyl burç, saç dökülmegine garşy iň täsirli iýmitleriň biri hasaplanýar. Tejribâ görâ 4-5 amaldan soň, bejeriş serişdesi saçyň düşmegini 90% -e çenli azaldar.
Saç dökülmegine garşy takyk netije

 • Saçlaryň dykyzlygy we çeýeligi esasan kelläniň gan aýlanyşyna baglydyr. Saçyň köki ýeterlik kislorod, witaminler we beýleki iýmit maddalary almasa, saçyň ösmegi saklanýar. Gyzyl burç damjasy bilen saç maskasy özboluşly täsir edýär Deri bilen gatnaşykda, zerur elementlere elýeterliligi üpjün edip, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar.

Damjanyň (nastoýkanyň) düzüminde täze gök önümlerde bar bolan ähli peýdaly witaminleri we minerallary saklanýar:

•  efir ýaglary - çişmegi aýyrýar, derini alkogolyň we kapsaisiniň agressiw täsirlerinden goraýar;
•  A witamini - zeper ýeten saç düzümini dikeldýär;
•  B witaminleriniň topary(kompleksi) -  ösmegini çaltlaşdyrýar, ýitgilerini saklaýar;
•  C witamini - kellä oňyn täsir edýär;
•  kaliý - gury saç bilen göreşýär;
•   magniý - işjeň gan akmagyna kömek edýär;
•  demir - kislorod bilen üpjün etmek üçin jogapkärdir, onsuz işjeň ösmek mümkin däl.

Gyzyl burç damjasyndan ýasalan saç maskasy diňe bir täsirliligi bilen däl, eýsem tizligi bilenem geň galdyrýar.

Ilkinji üýtgeşmeler 3-4 proseduradan soň göze ilýär:

*  ýitgi bes eder;
*  saçyň ösmegini, şol sanda täze saçlaryň çykmagyny hem işjeňleşdirýär;
* dykyzlandyrmaga peýda eder
*  kepekleri ýok eder.

Şunlukda alynan netijä görä aýda 4-5 sm çenli saçyň ösmegini çaltlaşdyrýar


 • Bu usulyň peýdaly häsiýetleri barada bilýänler, esasy komponentleriň agressiw täsirlerinden gorkup, henizem özleri synap görmäge het edip bilmeýärler. Ýöne hakykatdanam, nädogry çemeleşmek bilen, kelläňizdäki iň soňky saç tohumlarynyň hem  ýok bolmak howpuny hem goýup bilersiňiz.

Bellik!

Maska ýanma duýgusyny döreder - bu adaty bir reaksiýa.

Duýgular birneme oňaýsyzlyk döredýän bolsa, ýöne umuman çydamly bolsa, garyndyny 20 minut saklaň.

Ýanmak duýgusy gaty güýçli bolanda, 5-10 minutdan soň maskany ýuwmak has gowudyr.


Dermanhana önümi resept bolmazdan berilip bilinýär.

 • Dermanhanadan burç damjasyny (перечный настойка) satyn alyň - onuň bahasy häzirki wagtda gaty arzan. Şeýle hem ýylylyk täsiri bar, ýöne öýde ýasalanlardan az agressiw. Ony zeýtun ýagy bilen deň derejede garmaly we şol bir görnüşde - gury, ýuwulmadyk saçlaryň kökünde 20 minut saklamaly. Egerde saçlarňyz ýagly bolsa onda damjanyň ýeke özini ulanmaly.

   Gyjyndyrmanyň netijesinde " uklaýan" saç kökleri işjeňleşer.


 • Önümi 2-3 aýlap ulanmak maslahat berilýär, şondan soň 30 gün dynç almak we zerur bolsa kursy gaýtalamak has gowudyr.

Bellik!
Derman serişdesi diňe bir aýallarda däl, eýsem erkeklerde-de saç dökülmegine işjeň garşy göreşýär.


 • Iň oňat täsir etmek üçin, kelläniň ilkinji alamatlarynda iki aýlyk maska kursuny tamamlamak has gowudyr.
Soňra amallar azyndan 2 hepdede bir gezek gaýtalanmalydyr.

   Bu bejeriş serişdesi, hatda ýiti kellerde   hem täsirini görkezdi:
   Kiçijik ýörite çotkalaryň kömegi bilen ýa-da kiçijik maçalka, ol bolmasa uho çistka bilen saçlarňyzyň düýbüne damjany çalyň .


 • Unutmaň önümi çalanyňyzda elleriňiz ellikli (perçatka) bolsun, we ony kellâňiziň ýüz bölümine degirmezlige çalşyň! Sebâbi gözleriňizi awudyp biler! 

   Kelläňizi barmaklaryňyzyň ujy bilen 2 minut massajlaň;

 • 15-20 minutlyk polotensa bilen örtüň - adatça çalyp saklamaly wagt ýanýan duýgynyň intensiwligine baglydyr, eger gijilewük tâsirini ýiteldip başlasa onda 5 minut hem bolsa kellâňizi şampun ulanyp ýuwuň.

 • Şeýle-de önümi (nastoýkany) beýleki saç ýapgylaryna garyp hem ulanyp bilersiňiz
Kastor, zeýtun, zygyr ýagy saç üçin amatly . Deň mukdarda damjany(burç nastoykasyny) we ýagy garmaly, ýumurtganyň sarysyny goşuň, gury saçyň köklerine çalyň, folga we polotensa bilen örtüň. Bu kombinasiýa kellä has ýumşak täsir edýär, şonuň üçin garyndyny ýarym sagat goýuň.
 • Bal bilen hem garyp ulanyp bilersiňiz. Bu maska diňe köklere däl, saçyň tutuş uzynlygyna hem ulanylyp bilner. Balyň mukdary 1-4 nahar çemçesi. Garyndyny ulanmazdan ozal ony suw wannasynda gyzdyrmak has gowudyr.

 • Otlar bilen hem garyp ulanyp biliner.Dürli dermanlyk ösümlikleri ulanyp bilersiňiz, ýöne saç üçin iň meşhurlarynyň arasynda : kalendula, romaşka , ewkalipt, garynja, rozmarin.

DUÝDURYŞ ÇÄRELERI

Damjanyň düzüm bölekleri güýçli allergiki täsire sebäp bolup biler, şonuň üçin ilki bilen täsirini barlamak has gowudyr. Bilegiňize ýa-da tirsegiňize birnäçe damja çalyň, 2-3 minut goýuň. Ýanmakdan başga-da, bir sagatdan soň gyjyndyrma ýa-da gyzarma duýulsa, buruşinalary dikeltmegiň başga ýoluny tapmaly bolarsyňyz.

NETIJE
Şeýlelik bilen, indi saçyňyzyň dökülmegini we saçyňyzy güýçlendirjek derman serişdesini nädip taýýarlamalydygyny bilýärsiňiz. Yzygiderli we dogry ulanmak bilen saçyňyz galyň we sagdyn bolar.

Reseptine berk ýapyşmagyňyzy we ätiýaçlyk çäreleri görmegiňizi maslahat berýäris!
3475
11 Iýul 2023
Гаты говы маслахат спасибо
hhhhh
20 Iýun 2023
Su maskany edip gören barmy?
Dusia
21 May 2023
Begga99, ýok! Aýda hepdede ýa-da hepdeaşa 1 gezek etseňem bolýa
Dusia
21 May 2023
arzuv_shayymova, ony etseňem bolýa ...
Myhman Myhman
12 Dekabr 2022
Edip goren bamy
Begga99
17 Oktýabr 2022
Her gun ulanmalymy
lalahan
1 Oktýabr 2022
Tüýs mana gerekli maglumat sag bolun
Myhman Myhman
25 Awgust 2022
Kop sag bolun. Shu sach dokulmesine nameler gerekdigini bilemokda, indi owrendim. Minnetdar ❤❤❤
Myhman Myhman
23 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍
MissBoss♕
16 Awgust 2022
Men yene bir usulyny ulanyan repeynoye maslo,bal we konyagy garyshdyryp sacyn duybune surtyaniz we 20minut kellanize politensa yapyanyz.Netijesi has gowy shu maskanynam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.