https://owrenmeli.app/18977-gara-sarymsak.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
11.01.2022 22:06
Gara sarymsagyň saglyga peýdasy ozaldan mälimdir. Muňa “Sarymsak – serim sag” sözi hem şaýatlyk edýär. Eýsem sarymsagyň gara reňklisi barada eşidipmidiňiz? Gara sarymsak koreý we taýland medeniýetinde irki döwürlerden bäri peýdalanylýar. Häzirki wagtda bu önüm Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň ençemesinde ulanylýar. Güýçli tebigy antibiotik bolan gara sarymsak ak sarymsak bilen deňeşdirilende antioksidantlar has köp bolup, onda şekeriň derejesi az, süýüm köp, esasan hem, adaty sarymsagyňky ýaly ysy o diýen güýçli duýulmaýar. Gara sarymsak adaty sarymsagyň belli şertlerde iki aýlap guradylmagy bilen taýýarlanýar. Ol tebigy ýagdaýda garalýar. Şeýle edilende onuň düzümindäki peýdaly maddalaryň mukdary artýar. Gara sarymsagy berk ýapylan gapda garaňky ýerde ýa-da sowadyjyda saklamak amatly bolýar. Sowadyjyda saklananda 6 aý töweregi öz ýaramlylygyny ýitirmeýär.
Himiki düzümi
Gara sarymsagyň düzüminde sink, mis, kaliý, magniý, fosfor, kalsiý, natriý ýaly peýdaly elementler, uglewodlar, aminokislotalar, witaminleriň köp mukdary bolup, ol adaty sarymsakdan birnäçe esse ýokarydyr. Şol sanda iki sany güýçli antioksidant bolan flawonoidiň we alkoloidleriň mukdary beýleki sarymsakdan bäş esse köpdür.
Dermanlyk we bejeriş ähmiýeti
Onuň dezinfeksiýa häsiýetliligi ýokarydyr, şol sebäpli tebigy antibiotik hasaplanýar. Bakteriýalardan, mikroblardan bedeni gorap, immuniteti ýokarlandyrýar, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Günüň dowamynda bir sany gara sarymsak iýmek gandaky gemoglobini kadaly ýagdaýa getirýär, damarlaryň geçirijiligi gowulanýar. Şeýle-de ol öýjükleri täzeleýär, bagry arassalaýar, bedendäki suwuň we duzuň deňagramlylygyny sazlap metabolizmi kadalaşdyrýar.
Köp sanly lukmançylyk tejribelerine esaslanyp, gara sarymsak goşulyp taýýarlanan tagamlar aşgazany we içegeleri zyýanly toksinlerden arassalaýar, iýmit siňdirişi gowulandyrýar. Bu täsin önümiň öz içine alýan maddalar ukyny hem kadalaşdyrýar, nerw dartgynlylygyny aradan aýyrýar. Emma gastritden, böwrek kesellerinden ejir çekýän adamlara ulanmak maslahat berilmeýär.
Çeşme: Zaman-Türkmenistan gazeti
9
36