Durmuş kadasy...
Şahyryñ ýanyna baranmyş ýigit,
Hem beripdir oña, bir täsin sowal.
Diýenmiş "gyzlar-a mydam näz edýär
Oglanam näz çekyär, bu niçik ahwal?"
Erkek dälmi ojak üçin gynalýan,
Köp zähmet çekýänler elbetde oglan.
Ýöne nämüçindir taryplanýanam,
Näzi çekilýänem şol saçy boglan.
Ählije döreden goşgularñyzda,
Eposlarñyzda-da, romanlarda-da,
Gyza höküm sürýär, ýigitler guly,
Gerçekler uçraýar erbet derde-de.
Ele galam bilen, kagyzyn alyp,
Şahyr diñledi-de ol ýeñil ýigdi,
Indiki dörejek eseri bilen,
Sapak bermekligi ýüregne düwdi.
Şahyryñ döredýän täze şygrynda,
Ýigdä näz edýärdi, gyzam çekýärdi.
Gözeliñ gulluga gidýän pursaty,
Oglan aglamjyrap, ýaşyn dökýärdi.
Goşgyny diñleyän hälki ýigidem,
Biraz geñirgendi, ýüzi çytyldy.
Özüni oñaýsyz duýup, dikelip,
Öñküje ýerinde ýene oturdy.
Şahyram sözüniñ täsir edenin,
Duýdu-da beterden beterin tapdy.
Täsinje döreýän hälki eserde,
Oglan gap-gaç ýuwdy, gyzam ýer depdi.
Şeýdip goşgudaky gahrymanlarmyz,
Bir-birini halap gurdular durmuş.
Gyz-a ýaplanypjyk, çaýyn süzýärmiş,
Oglanam çaý demläp, hyzmatda ýörmüş.
Az wagtdan olañ perzendi boldy,
Çagany-da erkek ideg edip ýör.
Şahyryñ goşgusyn diñläp birkemsiz,
Jedelli myhmany basdy gara der.
Şahyr ýene başlamakçy bolanda,
"Boldy besdir" diýip ýigit dillendi.
Uludan dem alyp, özüni dürsäp,
Aýdylanlar hakda ol pikirlendi.
Bir şahyra bakyp, birem halyça,
Süpürdi mañlaýnyñ çygjaran derni,
Soñ diýdi "Deñ eken munda her jübüt,
Dagyñ öz orny bar,
Düzüñ öz orny.
Awtory: Kerim Hallyýew