sahet_ashyrov
22.01.2020 09:00
ŞAHYR /Karel Çapek, çeh ýazyjysy
(Hekaýa)
Bu adaty bolaýýan waka: Žitniý köçesiniň ugrunda, sagat ir bilen dörtde, bir ýeňil awtoulag
serhoş haldaky garry aýaly kakdyryp, soňra bolsa ýokary tizlik bilen gözden ýitipdir.
Polisiýanyň ýaş komissary Meýzlige bu ulagy agtaryp tapmak gerekdi. Belli bolşy ýaly, ýaş
polisiýa işgärleri munuň ýaly işlere diýseň galjaň ýapyşýarlar.
— Hm… — diýip, Meýzlik 141 belgili polisiýa işgärine aýtdy, soňra ol başyny galdyrman, —
Şeýle, siz üç ýüz metr aňryýanyňyzda, sizden uly tizlik bilen daşlaşyp barýan awtoulagy,
ýerde bolsa, ýazylyp ýatan göwräni görüpsiňiz. Siz ilki bilen näme etdiňiz?
— Ilki bilen heläk bolanyň ýanyna ylgap bardym — diýip, polisiýa işgäri gürrüňe başlady. —
Ol aýala ilkinji kömegi bermek üçin bardym.
— Ilkinji nobatda, awtoulagyň belgisini bellemeli ekeniňiz — diýip, Meýzlik oňa iňirdedi, —
Ol aýal bilen soň meşgullansaňyz-da bolardy… Ýogsa-da, mümkin men hem şeýle hereket
ederdim — diýip, ol kellesini galam bilen gaşap durşuna sözleriniň üstüni ýetirdi. Diýmek,
siz ulagyň belgisini görmänsiňiz. Başga nähili alamatlary bardy?
— Maňa-ha, — diýip 141 belgili polisiýa işgäri ynamsyzlyk bilen gepe başlady. — Ol
awtoulagyň reňki garamtyl bolup göründi. Birhili, gök hem ýaly, göwnüme bolmasa,
garamtyl-gyzylmyka-da öýdýän. Onuň tüsse çykaryndan tüsse zogdurylyp baransoň, hiç zat
saýgaryp bilemedim.
— Eý, Hudaý! — diýip, Meýzlik gaharlandy. — Ýeri, indi men ol ulagy nädip tapaýyn? Ol
sürüjiniň ýanyndan bu sürüjiniň ýanyna ylgap, «Bu garry kempiri siz kakdyryp geçdiňizmi?!»
diýip, soraýyn ýöreýinmi? Hany, indi näme etmelidigini, gadyrdan, özüňiz aýdyň bakaly!
Polisiýa işgäri edepli, ýöne biperwaýlyk bilen kibtini gysdy.
— Bagyşlarsyňyz, mende bir şaýat ýazylgy. Onuň gapdaldaky otagda garaşyp oturandygyny
size ýetirmäge rugsat ediň.
— Getiriň, ony — diýip, Meýzlik tutuksy gürledi. Bu gysgajyk beýannamadan erjellik bilen
baş çykarjak bolup oturşyna, ol:
— Adyňyz, ataňyzyň ady we ýaşaýan ýeriňiz? — diýip, gapydan giren adama başyny
galdyrman ýüzlendi.
— Kralik Ýan, — mehaniki fakultetiniň talyby — diýip, şaýat boljak ýigit merdemsi jogap
berdi.
— Siz şu gün sagat ir bilen dörtde näbelli bir awtoulagyň Božena Mahaçkowany kakyp
gidendigini gördüňizmi?
— Hawa. Bu ýagdaýda sürüjiniň günäkärdigini aýtmaga men borçlydyryn. Özüňiz bir
oýlanyp görüň, ýol düýbünden boşlukdy, eger ol çatrykda badyny gowşadan bolsa…
— Bu wakanyň bolan ýerinden näçeräk daşlykdadyňyz? — diýip, Meýzlik onuň sözüni böldi.
— On ädimlikde. Men öz ülpedimi nemeden… meýhanadan ugradyp barýardym, şonda biz
Žitniý köçesinden geçip…
 — Kim ol siziň ülpediňiz? — diýip, Meýzlik ýene-de onuň gürrüňiniň arasyny böldi, — Ol
barada meniň öňümdäki kagyzda-ha hiç zat agzalmaýar.
— Şahyr Ýaroslaw Nerad! — diýip, ol öňküsinden biraz ekezlenen ýaly bolup, howalaly
gürledi: — Emma, ondan siz bir gep hem alyp bilmersiňiz.
— O nämüçin? — diýip, öz eline düşen sypaljygy hem sypdyrasy gelmeýän, Meýzlik gaşyny
çytdy.
— Nämüçinmi? Çünki ol… Onuň… Şeýle şahyrana häsiýeti bar. Haçan-da bu betbagtçylykly
hadysa ýüze çykanda, ol göýä, çaga ýaly aglady we öýüne tarap ylgady… Hawa, onsoň biz
Žitniý köçesi bilen barýarkak, birden ýeňse tarapymyzdan iň soňky tizlikde diýen ýaly, şol
ulag zymdyrylyp çykdy…
— Ulagyň belgisi?
— Bagyşlaň, görmändirin. Men ähli ünsümi diňe onuň guduzlan ýaly, bolup barşyna
beripdirin hem öz ýanymdan, gör, nähili…
— Awtoulagyň kysymy nähilidi? — diýip, Meýzlik onuň sözüni kesdi.
— Içinden ot alyjy, dört taktly herekete getirijili — diýip, şaýat bilýänden bolup jogap berdi.
— Ýöne meniň ulaglaryň görnüşlerinden elbetde, başym çykmaýar.
— Onuň reňki nähilidi? Ulagda kim otyrdy? Onuň üsti açykmydy ýa ýapykmydy?
— Bilemok, — diýip Kralik Ýan aljyraňňy ýagdaýda jogap gaýtardy. Soň özüni ele alyp, —
Reňkimi? Göwnüme bolmasa garady. Emma men, umuman, aň etmändirin. Edil şol pursat
men «Gör-ä, nä tüýsli nejisler: hatda adam kakdyryp hem durman gitdiler» diýip, ýoldaşyma
tarap gaňrylypdym.
— Hm… — diýip, Meýzlik nägile äheňde söze başlady.
— Elbetde, bu adaty garaýyş, ýöne
men-ä şol ulagyň belgisini siz göräýmeli diýip hasap edýärin. Asla, geň zat. Adamlar nähili
biperwaý bolupdyrlar. Hawa, sürüjiniň günäkärdigi size aýdyňdyr, siz şol adamlaryň
nejisdigini hem dogry bellediňiz, emma ulagyň belgisine welin, jinnek ýaly-da pituwa
etmänsiňiz. Ýazgarmagy hemmeler hem başarýar, ýöne daş-töweregimize ünsli göz
aýlamagy welin… Jenap Kralik, men size minnetdar, sizi mundan artyk saklamok — diýdi.
Bir sagatdan soň, 141 belgili polisiýa işgäri, eýýäm şahyr Ýaroslaw Neradanyň gapysynyň
agzynda dikilipdi. Ol jaň düwmejigini basdy.
— Öýde! Ýöne ol häzir ýatyr — diýip, öý bikesi jogap berdi.
Oýadylan şahyr gorkudan ýaňa, ukudan ganmadyk gözlerini mölerdip, polisiýa işgärine
seretdi. Onuň kellesinde «Men nähili etmiş etdimkäm?» diýen pikir peýda boldy.
Ahyrsoňy, polisiýa işgärine nämüçin onuň polisiýa çagyrylýandygyny Nerada düşündirmek
başartdy.
— Hökmän gitmelimi? — diýip, şahyr gowuşgynsyz dillendi.
— Wah, meniň barybir hiç zat ýadyma düşenok ahyryn. Agşam men az-owlajyk…
— Başyň aýlanyp durandyr — diýip, polisiýa işgäri onuň halyna düşünýän terzde aýtdy. —
Men köp şahyrlary tanaýaryn. Haýyş edýän, geýniň. Men garaşaryn.
 Olar ýol ugruna meýhanalar, garaz, durmuş barada, asman hadysalary hem-de başga-da köp
zatlar hakynda gürrüň etdiler: ýöne olaryň ikisi-de syýasat babatda gaty gömükdiler. Şeýdip,
olar dostlukly we peýdaly söhbete gümra bolşup, polisiýa gelip ýetdiler.
— Sizmi şahyr Ýaroslaw Nerad? — diýip, Meýzlik sorady. — Siz näbelli bir awtoulagyň
Božena Mahaçkowany kakdyryp gidenini gördüňizmi?
— Hawa, — diýip, şahyr uludan dem aldy.
— Onuň nähili awtoulagdygyny aýdyp bilersiňizmi? Üsti açykmy, ýapykmy, reňki, içindäki
adamlaryň sany, belgisi?!
Şahyr oýa batdy.
— Bilmeýärin. Men muňa üns bermedim — diýip, ol pert gürledi.
— Her bir owunjak zatlardan başlap, jikme-jik zatlara çenli ýatlajak boluň — diýip, Meýzlik
öz diýenine tutdy.
— Goýaweriň ahyry! — diýip, Nerad çyny bilen geňirgendi. Men hiç haçan hem jikme-jiklige
baş galdyrmaýaryn.
— Eýsem, siz heý bir zatlar bir gördüňizmi, baş üstüne, aýdyň?! — diýip, Meýzlik kinaýa
bilen sorady.
— Aý, häki bir umumy ýagdaý-da, — diýip, şahyr gümürtük gürledi. — Bilýäňizmi näme, daň
atmazynyň öň ýanyndaky… uzyn… çola köçäni… Hem ýerde ýatan aýalyň şekili… Duruň! —
diýip, şahyr birden ýerinden zöwwe galdy. — Men öýüme baramsoň, bular barada goşgy
ýazdym ahyry.
Ol kiselerini sermeşdirip ugrady hem-de töleg resminamalaryny, bukjalardyr mynjyrap giden
kagyz bölejiklerini çykardy.
— Bu däl, bu hem däl… Hä, ine şu öýdýän — diýdi-de, ol çöwrülen bukjanyň ýüzüne ýazylan
setirleri okamaga hyýallandy.
— Hany, maňa görkeziň! — diýip, Meýzlik sesine mylaýymlyk äheňini berip, şahyra teklip
etdi.
— Dogry, bu meniň aňrybaş goşgylarymdan-a däl — diýip, şahyr kiçigöwünlilik etdi. — Eger,
isleseňiz okap bereýin — diýip, gözlerini agdaryp, labyz bilen sokdyryp okap ugrady:
Garalýardy zowwam hatarda jaýlar,
Mondalinde säher saz çalýar niçik?!
Gyz gyzarýardy.
Siz Singapur taýa,
Ýaryş ulagynda gitdiňiz geçip.
Sem bolupdyr erksizligiň hyjuwy…
Omurlan gül çaňa garylyp ýatyr.
Unudylmaz!
Eý, boýny guwuň!


Dowamy bar...
Eserin nahili täsir galdyranyny ???yazyñ.
8
515
Myhman Myhman
23 Yanwar 2020
Gouy ???
Serfar
23 Yanwar 2020
Dowamy yokmy
babamyrat
22 Yanwar 2020
govy eser dovamy yazyn
Serfar
22 Yanwar 2020
?????
Linda
22 Yanwar 2020
Gowy eser eken +❤ menden

Hemmesini okap cykdym dowamy barmy yazaýynda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.