K.Maysa02
07.01.2022 13:18
LEW NIKOLAÝEWIÇ TOLSTOÝ DOGULDY
1828-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Russiýanyň Tula şäheriniň etegindäki Ýasnaýa Polýanada, abraýly graf neberesi Tolstoýlaryň maşgalasynda dogulýar. Ene­-atasyndan ir jyda düşýär.Tolstoýlaryň maşgalasy Kazan şäherine göçüp gidýärler we daýzalary P.I. Ýuşkowanyň hossarlygynda ýaşaýarlar. On alty ýaşynda Lew Tolstoý Kazanuniwersitetiniň Gündogar fakultetine arap türk dilleri boýunça okuwa girýär.Emma uniwersiteti taşlap, Ýasnaýa Polýanadaky mülküne göçüp barýar. Edebiýat bilen çynlakaý meşgullanmaga başlaýar. 1852-nji ýylda „Çagalyk“ atly ilkinji iri göwrümli kyssa eserini ýazýar.Eser şol döwürdäki abraýly „Sowremennik“ žurnalynda çapedilýär we ýaşýazyja uly meşhurlyk getirýär. 1863–1869njy ýyllaryň dowamynda döreden „Uruş we parahatçylyk“ romany ýazyjny bütin dünýä meşhur edýär, bu eseri Gomeriň „Iliada“ Wergiliniň „Eneida“ we Balzagyň „Adamzat komediýasy“ bilen bir hatarda goýýarlar. 1862-nji ýylda Sofýa Andreýewna Berse öýlenýär. Olar elli ýyldan gowrak bagtly ömür sürýärler, 13 çagany terbiýeläp ýetişdirýärler. Rus edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy, çylşyrymly durmuş terjimehalynyň we iňňän baý döredijilik mirasyň eýesi bolan Lew Nikolaýewiç Tolstoý 1910-njy ýylda aradan çykýar.
11
80
Gülhan
8 Fewral 2022
YGurbanaly23, *67)
ylham_gurbanaly
8 Fewral 2022
70den soň tigir sürmäni öwrenýär. Gaty gowy ýazyjy
synçy...
8 Yanwar 2022
Bir ömründe adamzada Lew Tolstoý ýaly köp ýagşylyk eden adam köp däldir.

B.Hudaýnazarow
Gülhan
7 Yanwar 2022
Tolstoý - örän beýik adam! Men üçn has hem. "Yasnaya polyanada" çagalara bilim bermek bn meşgullanypdyr. Hemde "Anna Karenina" eseri hem dünýä tanalan eser
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
7 Yanwar 2022
👏👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.