https://owrenmeli.app/18834-welilar-hakda-rowayatlar.html#comment
lord
06.01.2022 19:54
Hasan Basry şeýle diýipdir:
- Jan berjek bolýan adamlar, şol pursatda edýän ahmyrlaryna görä, üç topara bölünýärler. Birinji topara girýänler göwünleriniň isleýşiçe baýlyk toplap bilmändikleri üçin, ikinji topara girýänler eden umytlaryna gowşup bilmändikleri üçin, üçinji topara girýänler bolsa bu ahyrky sapara çykmak üçin zerur bolan taýýarlygy görmändikleri üçin ahmyr edýärler.
Ýüki ýeňil bolanlar gutulyp, ýüki agyr bolanlar heläk bolandyrlar. Dünýäni özlerine berlen bir alamat hasaplaýanlaryň günäsini Allatagalla bagyşlar. Olar bu amanady yzyna tabşyryp, ýükleri ýeňlän şekilde geçip giderler.
Meniň pikirimçe, dünýäni ýümrup, şonuň döwük-ýenjiklerinden ahyretini gurýan kişi akylly we alym kişidir. Ol ahyretini ýumrup, şonuň döwük-ýenjiklerinden dünýäsini bina etmez.
Allatagala göwün beren, Onuň dosty, dünýä göwün beren, Onuň duşmanydyr.
Feridetdin Attar- Weliler hakda rowaýatlar.
9
165