Dusia
06.01.2022
Zenan saglygy
26
1 788

"Eneleriňiz näme sebäpden ýyly geýinmek barada köp ündeýärdi?!"

Bu ynsan saglygy üçin, gysgaça zenan saglygy üçin ýazylan (ýatlatma) makaladyr. Eger bu makalanyň manysyna ýalňyş düşünüp bolgusuz teswir ýazjak bar bolsa okap başlamanka yzyna çyksyn!!! Teswir ýazanda hoşamaý dilde ýazmagyňyzy haýyşt edýäris!!! 


  • Hany ýadyňyza salyň kiçiräkkäňiz öýden ýeňil geýinip çykanyňyzda ýaşuly eneleriňiz näme diýýärdi?! Ýatladyňyzmy?! Soňra siz näme diýýärdiňiz?! "aý sowuk dälle"... Çyndanam sowuk dälmidi, ya geýimiňiziň görmegeyligini bozmazlyk üçin şeyle diyyärmidiňiz ýa-da agyr goş bilýärmidiňiz...Garaz olaryň sözinden ätläp geçýäniňiz hakykat, şeýle dälmi ;) Hawa ol sowuk siziň reseptorlaryňyza täsir etmeyärmiş ýaly bolup biler, emma içki agzalaryňyza nähili täsir edýändigini bilýärmidiňiz?!


 • Agzalaryň sowuklama (wospoleniya) diýilende ilki bilen içki jyns agzasy bolan ýatgy göz öňümize gelýär. Ýatgy- bu düwünçegiň (geljekki bäbejigiň) ýatýan ýeridir. Ýatgynyň wezipesi- düwünçegi saklamak, ösdürmekdir. Elbetde tohumlanma hadysasy hem ýatgyda geçýär, has dogrysy ýatgy turbasynda. Tohumlanma bu enelik (owosit) we atalyk (spermatozoid) jyns öýjükleriniň goşulyşmagydyr. Iki sany ýatgy turbasy we iki sany hem turba birigyän ýumurtgalyklar bar. Adatça 150 million töweregi spermatozoidler ýatgynyň boýunjygyndan girip, ýatgy turbasyna gönügýär

  • Ýumurtgalykdan ýumurtga öýjügi garyn boşlugyna düşen badyna ýatgy turbanyň hereketli seçekleri ony özüne çekip alýar we bu ýerde tohumlanma geçýär. (unutmaň, 1 ýumurtga öýjügine 1 sany spermatozoid girip bilýär) Soňra goşulyşan yumurtga öýjükleri ýatgynyň bedenine gelip düşýärler we bu ýerde düwünçegiň ösüşi başlanýar.

 • Bu zatlar size düşnikli bolsa geliň indi ýatgynyň sowuklamasyna dolanalyň! Sowuklamaň netijesinde ýatgyda howply däl çişler emele gelýärler, ýöne bular wagtlaýynça howply däl! Elbetde öňi alynmasa her bir täze döreme howply bolup bilýändir. Yatgynyň turbasynyň güberip çişmegi netijesinde ýatgy turbasy gysylýar. Spermatozoidler örän kiçijik öýjükler bolansoň şol gysylmadan geçip biler. Elbetde gysylmadan geçip owosit bilen goşulyşmak fazasy bolar. Emma tohumlanan(goşulyşan) öýjükler ýatgy turbadan yzyna ýatgy bedenine(merkezine) tarap geçip bilmez... Soň düwünçegiň ösüşi galarmy?

 • Ýok galmaz, ösüp başlar. Düwünçek ulaldygyça turbada giňär, ahyrsoňy turba ýarylar we gynansakda ýatgynyň bir ýumurtgalygy bilen bilelikde ýatgy turbasyny hem Ýatgydan kesip aýyrmaly bolar. Bu diňe kesip aýyrmak bilen çäklenmez, howply döremeleriň (ýatgy ragy)
bolmagyna getirip biler! Jyns ulgamyna degişli bolan süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň hem başlangyjy bolup biler! Hawa ýene-de bu kesellere duçar bolanlardan sorag ideg edenimde näme sebäpden bu kesele duçar bolanymy hem bilemok diýýärler, emma ýaşlygyndaky özdiýenliliklerinden welin ýüz döndermeýärler.

1. Normal ýagdaýda ýatgy

2. Sowuklama ýagdaýynda ýatgy

 • Beýle diýmek bilen howply döremeler diňe sowuklamadan başlanýar diýip bolmaz. Agzalaryň funksiýasyna baglylykda olar dürli faktorlaň täsirinde döräp bilerler. Bu temadaky maksadym ýönekeýje sowuklamanyň nirelere getirip biljekdigini düşündirmekdi. Elbetde ýatgynyň bir böleginiň ektomiyasyndan ( kesilip ayrylmagy) soňra 6-7 ýylyň dowamynda ýatgynyň eýesi ene hem bolup bilmez. Şunuň bilen birlikde ýene bir zady goşasym gelýar, agyr ýük göterileninde ýatgyny aşak süýşýändigini bilýärmidiňiz?! Unutmaň, ýatgynyň aşak süýşmegi diýmek wospoleniya töwekgelçiligiň ýokarlanmagydyr!
Dusia
21 May 2023
Aydymch_oglan, Myhman Myhman, salam!
Myhman Myhman
25 Fewral 2023
Салам
Aydymch_oglan
26 Oktýabr 2022
dusia_maksatmyradowna,salam gowmy ýagdaýlarňyz
Myhman Myhman
27 Sentýabr 2022
Gowy maslahat 👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Myhman Myhman
27 Sentýabr 2022
Kop sagbolun
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
gowy maslahat berekella 👍
Myhman Myhman
12 Iýul 2022
Haladym
Myhman Myhman
17 Iýun 2022
Dogry
Tm.Bego.ak
16 Aprel 2022
Hakyky 👌👌
ylham_1989
8 Fewral 2022
Dusia, hakyky dogry aytan esasy yagday ozune seretmek 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.