11-nji noýabr güni okyjylarmyň kitaplarna gol çekýän mahalym, şonça okyjylaryň arasyndan gözüm göni oňa düşdi.. Duran ýerimde doňup galdym. Ol Zümrady. Belki men birine meňzedendirin öýdüp, gaýta-gaýta şol bir ýere seretdim. Howwa görýänim oldy, edil özüdi. , O wagtky halymy hiç kime belli etmezden, hiç kime hiç zat diýmezden, hiç zat bolmadyk ýaly dowam etdim. O maňa tarapa gelýärdi. Maňa biraz ýakynlaşanynda ýanynda başga bir erkegiň bardygny gördüm. Belli bolup durdy, olar söýgülidiler.. Şowagt şeýlebir çäresizlik içine düşdüm, taryp edip bilinmejek derejede kyndy...
Şol gün Zümranyň okyjylarmyň arasynda bolmagyna aýry, başga bir adam bilen meň ýanyma gelmegine aýry haýran galypdym. Olar maňa doğry ýakynlaşdylar. Ünsümi çeken ýeke zat oň ysynyň üýtgändigi boldy. "Eee bizede berjek gülleriň bardyr elbetde"-diýdide ýylgyrdy. Menem "Bizde güller olary hak eden kişä berilýä" -diýdim güllere seredip ... Gol çekip bermegim üçn kitabymy maňa tarap uzatdy. Gynansakda gol çekmäne mejbur galypdym. Hiç bir zat diýip bilmedim. Soňra stoluň üstünde duran güllerden ikisini aldy we birini ýylgyryp ýanyndaky oğlana uzatdy... Olar gidenden soňra köpçülikden çykdym, we biraz özümi ýalňyz galdyrdm. Demim kesilene çenli agladym. Meň janymy şeyle ýakan, şeýle agyrdan, ýöne başga jana durmuş bagyş etmek derejede rehimsiz bolan bir ynsan üçin o gün özümi şeýlebir çäresiz duýupdym.. Soňra el yüzümi ýuwuşdyryp hiç zat bolmadyk ýaly o günümi tamamladym. Zümra meň göwnümi ýykmak üçn elinden gelenni etdi o gün. Şonça wagtdan soňra meň garşyma beýle çykmasyna hiç hili düşündiriş berip bilmedim dogrusy...
Bilýänsiňz, Käbir ynsanlar bardyr, ynsanlaryň duýgulary bilen oýnamakdan, olaň göwnüni ýykmakdan, parçalamakdan, her göwnüň agyrmasyndan lezzet alarlar. İne şo ynsanlaryň biri hem Zümrady..
Ýöne Alla beýik, meň nämeler ýaşaýanymy görüp durandyr. Ol näme eden bolsa, şonam çekjekdir.
Miraç Çağrı Aktaş "Yinede sevdik"