Muhammet2108
04.01.2022 10:19
NAMYS atly gosgynyn dowamy yene dowamy bar teswirlerde dowamynyn gelip gelmezligini yazyn.Eger 10 likedan gecse dowamyny goyjak.

NAMYS(dowamy)

Sag boluň güýjünden sag boljak bolsaň,
Şu günlerem ýaşar ýörerdi Yslam.
(Onda bizem seniň ýanyňa baryp,
Gyzlarmyza gopuz buýrardyk, ussam)

Arman, seniň ömrüň uzak bolmandyr.
Uzakmy, gysgamy – ikisem ýagşy.
Sag bolsuz ýaşalan ýedi müň ýyldan
Sag bolly ýaşalan
Ýeke ýyl ýagşy.

Il.

Yslam kyrk ýaşyny edýänçä tamam,
Ne ogly bolupdy,
Ne-de bir gyzy.
<<Şeýdip ýitäýermi Yslamyň yzy?>>
Diýip, asmanyna bakardy Yslam,
Emma onuň ady bolsa-da Yslam,
Yslamyna rehim etmezdi asman.

Bir geçisi bardy Yslam ussanyň.
Geçisini aýtdy Hudaý ýoluna.
Üç owlagy bardy Yslam ussanyň,
Üçüsinem aýtdy Hudaý ýoluna –
Perzent önmedi.

Sekiz towgy bardy Yslam ussanyň.
Sekizinem aýtdy Hudaý ýoluna.
Bir öküzi bardy Yslam ussanyň.
Öküzünem aýtdy Hudaý ýoluna –
Perzent önmedi.

Könesinem berdi Hudaý ýoluna,
Täzesinem berdi Hudaý ýoluna.
Dulunda gugaryp gor küýze galdy –
Küýzesinem berdi Hudaý ýoluna
Üç gyzy boldy.
Tutuş bir hepdeläp toý tutdy Yslam.
Dostlary goldady dostunyň toýun:
Biri galla berdi, birisi tüwi,
Biri düýe soýdy, birisi goýun.

- A-how, gulak salyň, perzendi ýoklar!
Aňsat eken perzent tapmagyň ugry.—
Diýip, Yslam ussa bälçige saldy, —
Hudaý halamaýar öküzi, sygry.
Çally küýze aýdyň Hudaý ýoluna,
Çally küýze! – diýip gülýärdi Yslam.
Walla jan, Hudaýyň düýe çalyna
Juda hormat goýýan bolmagy ahmal.

Gor küýzämi aýdan günümden beýläk
Dokuz aý, dokuz gün.. bolanda tamam,
Daňdanlar eşdildi üç gezek <>:
- Kaka jan, salam!
- Kaka jan, salam!
- Kaka jan, salam!
Üçüsi üç ýerden:
<>
Nebis diýen zadyň araçägi ýok,
Dördünji <> garaşdym ýene,
Naýynjar ýylgyryp seretdi ene:
<>

Ine bizä şeýle üç gyzly bolduk! –
Diýip, Yslam ussa gülerdi lah-lah,—
Her küýzäň üç çaga boljagyn bilsem,
Iki küýzämi-de aýtmazmydym, wah!
Onda alty gyzly bolardym – diýip,
Gözlerini gypyp, bälçirýär Yslam.
— A-how, alty çaga oklary ýaly,
Jemaly towşandyr öýdýärmiň, ussam?

Diýip, her kim bir zat diýerdi oňa.
Olam hiç haýsyndan düşmezdi ejiz.
…Şondan bäri akja kepbäň içinde
On bäşin doldurdy üç bajy –
Üç gyz.

III.

Amanbike, Ogulbike, Aýbike —
Üçüsi üç ýerden dokaýar gulaç.
Gulaçlaň üstünde dört örüm saçlar
Her haýsy bir gulaç,
Bir ýarym gulaç.

Gijeler geçdikçe küjüler artýar,
Küjüler artdykça gylyçlar güt-güt.
Gylyçlar süýndükçe dartylar dartýar.
Dartylar dartdykça
Gulaçlar küt-küt.

Gulaçlar kesilýär, jerçiler çýşýär,
<>
Bir giden dawa.
Gulajyň bir küti Buhara süýşýär,
Bir küti Ürgenje,
Bir küti Hywa...
9
183
Myhman Myhman
4 Yanwar 2022
Şeýdip like çöpläýseň😝😝😝😝🤧

Inni görünmän gezsem gowy ekeni😎😱😷🧐🤒🤫🤫
Muhammet2108
4 Yanwar 2022
Yene dowamy bar dowamy diyip likr goysanyz dowamyny goyarn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.