Gün ýaşanda seňem ýa:şasyň gelýär.
ölesiň gelýär,
ölümde agtarýaň dynjy, aramy
„Gözlerimi ýumsam, hiç oýanmasam”
diýip, öçürýänsiň gamgyn çyrany...
Käteler şeýle bir durasyň gelýär,
öýüň jennetiňdir, asman arassa.
her penjiräň nagyşlanan sungatdyr,
her bir kelam gutarmajak bir owaz..
Ýöne käler..
durmuş durşuna gussa,
başyň alyp mundan gidesiň gelýär,
Ýitesiň gelýär...
Kä günler şeýle bir söýesiň gelýär,
yşka laýyk, söýgä sezawar kimiň bar!?
kätelerem yşk gämisi gark bolup,
göwün künjeginde bir zat kemelýär...
Şonda sen özüňi tussagda duýýaň
dört diwar!
Ýapylan polatdan gapy!
gömülen penjire!
çyg çeken howa!
Şonda sen bir zady örän ýigrenýäň..
Näme ýigrenýäň, nämäni söýýäň!?
bu zatlaň barysy ýaman gümürtik,
hem dartylýan, hemem çaýkanýan ýaly
aglamaýaň ýa göwnüňde gülmeýäň,
durmuşdan ýadap, ölümden irýäň
özüň öz syryňy açabilmeýäň
bir geň närsä göýä çokunýan ýaly...
Ýer ýüzüne düşäp sözlerden güller
goşgy goşasym gelýär..
käte gökden ýere düşesim gelýär,
başym ýaýkap owunjaklaň oýnuna
aglasym gelýär!
gülesim gelýär!
dymasym gelýär!
Ölesim gelýär..!