Muhammet2108
03.01.2022 14:25
NAMYS

Ýagşy günleriň ýolunda
Müň sany ýaman ýatyr.
(Gündogar pähimi)

I.

Orakmy, aňňalmy,
Synnymy, keser,
Eýermi, gaňňamy,
Howutmy, çelek,
Şyhmütür, ätişgir, gyrkylyk, kepgir,
Iri göz elekmi, uşakgöz elek —
Haýsysy gerek?

Çekinmän baryber çaga-da bolsaň,
Arasynda ýeter saňa-da gezek.
Gopuzmy, sürpekmi, gurşunly kenek,
Ýa-da durşy bilen gurşundan kenek —
Haýsysy gerek?

Öýkeläp gaýtmarsyň gelin hem bolsaň,
Bolarsyň ol ýerde arzyly gonak.
Şatutdan darakmy, dagdandan darak,
Ýa-da garagaçdan? Haýsysy gerek?

Kepbäň bir burçunda – paltadyr teşe,
Beýleki burçunda – köpükdir sandal.
Sandalyň öňünde ak sakgal goja.
Hemmäniň dilinde: <>

Gyzlar saçyn darap aýna bakanda,
Ýigitler jübtekli çürtende sakgal,
Atalar çarşakly harman atanda,
Dilinde: <>
Yslam jan, sag bol!>>
10
101
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.