N.T.
02.01.2022 21:35
Geçen ýyl Wenada men iş saparyndadym. Men ol ýerde dilde kynçylyk çekmeýän bir dostum bilen ýaşadym, şonuň üçin ony iş bilen baglanyşykly bolmadyk gezelençlere alyp gitýärdim. Ol ýüz öwürenokdy meň bilen, şäherde aýlanmagy, söwda etmegi we diňe gezelenç etmegi halaýardy.

Dynç günleri azyk önümlerini almaga gitdik. Ol tanyşym, adatça, birnäçe hepdäniň dowamyna ýeter ýaly bir gezekde köp zatlar satyn alýardy, iş günlerde köp wagt tutýar. We biz ýakyn supermarkete gitdik. Supermarketiň girilýän ýerinde, gapynyň agzynda bir garryja ene otyrdy. Ol gaty garrydy, öýsüz däldi, ýöne garypdy. Onuň elinde "iýmit bilen kömek etmegiňizi haýyş edýän" - adamlara ýüzlenilgi bir tablisajyk (табличка) bardy. Islendik, hatda iň arzan bolsa-da şol tablisajykda razylygyny bildiripdi. Onuň gapdalynda bir-iki bulkajyklar we hem ýarym taýýar fabrikatlaryň önümleri bilen salynan bir sebet bardy.

Ol ýagdaý meni tolgundyrdy. Biziň ýurdumyzda adamlar iýmit soramaýarlar, a pul soraýarlar. Berilenleri nämä gidirjekdigini, köplenç bileňok. Adamyň iýmäge zady ýokmy ýa-da ýygnan pullary serhoş bolup, dostlaryna stakan guýmak üçin sarp edermi?

Dükana girdik we bu ýagdaýy tanyşym bilen ara alyp maslahatlaşyp başladyk. Kämahal garrylaryň özlerinden çyndan iýmit soraýandyklaryny, ýöne bir zat berip bilýan adamlaryñ sany az diýip aýtdy maňa. Munuň sebäbi adamlar açgöz bolany üçin däl-de, satyn almagy ýatlaryndan çykarýanlyklary sebäpli, ýa-da samsyk görünmekden ýa-da geçip barýan beýleki adamlara seretmekden gorkýarlar.

Şonuň üçin dükanyň administrasiýasy bilen habarlaşmagy makul bildik we gürleýjiniň üsti bilen habar iberdik. Gapyda bir enäniň oturandygyny we her kimiň oňa bir paket süýt, bir bölejik et ýa-da gök önüm bilen her kim kömek edip biljekdigini aýtdylar. Hemmеleri bir ýere jemlense beýle gymmat bolmaz.

Gerek zatlaryň hemmesini satyn alyp, daşary çykanymyzda, garryja enäniň gapdalynda azyk önümleri bilen bir topar sumkanyň bardygyny, sebediň sumkalar we posylkalar bilen dolup duranyny gördük. Gözýaşlaryny saklap bilmän daş-töweregindäki adamlara minnetdarlygyny bildirdi.

Az salymdan, tanyşym maňa, aslynda az adam dilegçilik bilen meşgullanýandygyny, we hem eger-de bir çagaly ene ýalbaryp, dilegçilik üçin köçä çyksa, munuň üçin birnäçe on müňden gowyrak ýewro jerime düşüp biljeklerini aýtdy.

Berilýän sadaka - gudratly, çünki bir adam gaty begenip biler, 2 esse sogabyňyzy özüňize gaýtarar, ýürekden minnetdar bolup, ýagşy alkyşlary okar!❤🌹🌷💖
8
82
ylham_1989
3 Yanwar 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
2 Yanwar 2022
😌👏👏👏👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.