Söýgini ezizläp, setire salyp,
Men saňa goşgudan çemen bagladym.
Gözlerňi ýaglygyň ujuna çalyp,
Öten agşam sen nämüçin agladyň?
Çekdiň ýekelikde nämäniň derdin?
Aýry derdiň bolmaz, bile çekeli!
Men sizde birgiden ýat adam gördüm,
Şolar näme iş bilen gelen ekeni?
Olar size girip-çykýandyr belki,
Seň girip-çykyşyň azaltmak üçin.
Edip söýgimizi ryswa-gülki,
Gara saçymyzy agartmak üçin.
Sen aýtsaň-aýtmasaň, bir zat aňladym:
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!
Awtory: Italmaz Akmyradow