Gülhan
02.01.2022 15:08
MEN OBA GITJEK

Maňa azar bermäň men oba gitjek,🌻
Günleç şäher sesden aljak dynjymy...
Säherleň şemalna derdimi daňyp,
Söýgi hakda şygyr ýazjak ünjüli...

Ýene-de göwrämi ýorunja busup,
Ot ýygyşyn gaýtalajak enemiň.
Sapagny ötürip bermegem lezzet🌸
Kölegede, gözi uly temenniň..

Menä oba gitjek şu gün ýa ertir,🌺
Köp boljak däl gussalarym çogmasyn...
Arasynda käte baryp gaýdaýyn,
Eziz obam unutmasyn, dogmasyn..

Erkek doganymyň sözleri ýaly,
Dünýä mähir bilen haçan bakarka?
Abraýy galamdan gözledim ýördüm,
Başga zady dileg etmän Ýokarka...

Menem säher suw sepjek giň gujagna,
Çagalygmy bagra basan howlymyň.
Şükür, hiç sönmedik atam ojagna,
Mähri siňsin, meňem iki golumyň.

Men-ä oba gitjek, dynjymy aljak,
Görüp gaýtjak, maňkalyja jiglemmi.
Hemem gyz jigime hünjüjik alyp,
Sag bol aýtjak, hut şol öýde doglanna.

Ýol-ýola, il-ile sapanda agşam,
Sygyrlaryň sürä gidip gelşini,
Synlaýyn-la biraz suratkeş ýaly,🌷
Agşamara süri obaň gelşigi.

Men oba gitjek, gözlem dynç alsyn,🌼
Hem obadakylar “gel” diýýär “ýygy”.
Goý ýüregim derdin döksün, ynjalsyn,
Men oba gideýin, alyp gussamy...

Oguljennet BÄŞIMOWA
10
183
Gülhan
4 Yanwar 2022
Banucıcek, sen şatlanyp okagyn... (Tapyp berayde doly görnüşini🙏)
Gülhan
3 Yanwar 2022
Banucıcek, Unutmakmy?!. Unutmak başardýa okaýsana (Ara düşen dymyşlykda hile ýok. Jaň etmesem, hat ýazmasam kine ýok. Ýürek gurap barýa onda şine yok. Hazır ýaşamagyň tärin unutdym! Gaygy gussalarmyň baryn unutdym! Hormatyňa dünýäň zaryn unutdym! Sen başga zatlaň baryn unutdym!!!)
Gülhan
3 Yanwar 2022
Banucıcek, 😮☺️... Şu şäherde gözel günleň dowamy, şonuň üçn däl biz asla nätanyş. Ýöne Küýseýärin eziz obamy. Asman joşa gelip ýaganda ýagyş.. (towşana doğduk depe diyipdirlerda)
Gülhan
3 Yanwar 2022
Banucıcek, Sen ýylda gaýdýarsyň dogduk diýara, Onuň sada görmeginden doýaňok. Çagalygňa duş geläýmek hyýalyň, Emma ondan daşlaşýanňy duýaňok.
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
2 Yanwar 2022
👏👏👏👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.