Bir wagtlar ädik we kagyz öndüren Nokia hakynda az bilinýän 5 maglumat:"Marka" atly post zynjyrymyzyň 4-nji postunda size bir wagtlar telefon öndürmekde dünýäniň iň ökdesi bolan Nokia barada söz açýarys;
Köpleriň ilkinji el telefony markasy bolan Nokia, mundan 10-a golaý ýyl öň gürrüňsiz iň gowy telefon öndürijisidi. Soňra Apple'yň iPhone'y öndürip başlamagy we Android telefonlaryň her geçen gün ösüşde bolmagy Nokia'ny yzda galdyrdy. Şeýdip Nokia çöküp başlady. Microsoft Nokia'ny satyn aldy. Ýöne Nokia Microsoft'yň Windows phone atly taslamasynyda başaryp bilmedi. Ondan soň Nokia HMD Global tarapyndan satyn alyndy. Nokia'nyň ilkinji Android telefonlaryny öndüren HMD, edýän işleri bilen Nokia'ny öňki günlerine döndürmäge synanyşýar. Geliň indi hemmämiz 1800-nji ýyllarda gurulan Nokia barada 5 maglumaty okalyň.
1. Nokia'nyň meşhur jaň sesi Nokia Tune:Öňki Nokia telefonlaryndan öwrenenimiz Nokia Tune, 19-njy asyrda düzülen bir gitara sazy bolan Gran Valsyň ol wagtky telefonlara goýulan haly. Bu jaň sesiniň ilkinji ady Grande Valse bolsada, 1999-njy ýyldan başlap Nokia Tune diýip atlandyrylýar.
2. Ýylan oýuny, ilkinji gezek haýsy Nokia telefonunda çykdy?1997-niň dekabr aýynda tanadylan Nokia 6110, mobil oýunlaryň ilkinjilerinden bolan Snake oýunyny ýükli halda ulanyjylara beren birinji telefondy.
3. Nokia'nyň ilkinji kameraly telefony:2002 ýylynda tanadylan Nokia 7650, şereketiň ilkinji kameraly telefonydy. 0.3 MP kamerasy bilen surat alyp bilýän Nokia 7650, Nokia'nyň telefonda surat alyjylaga äden ilkinji ädimidi.
4. Nokia, aslynda kagyz fabrigi bolup guruldy:1865 ýylynda Finlandiýada gurulan Nokia, aslynda kagyz fabrigidi. Magdan ussasy Fredrik Idestam tarapyndan gurulan şereket, soňra ulalyp ikinji kagyz fabrigini açdy.
5. Nokia ady nireden gelýär?:Nokia ady, Finlandiýadaky Nokianvirta derýasyndan gelýär. Gurulan wagty Nokianvirta derýasynyň ýanynda işler geçiren geçiren Nokia'nyň adynyň gelip çykyşy şu sebäpden.
Halandyňyzmy:
Hawa👍/Ýok👎
Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!