𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
31.12.2021 19:36
Taryhda täsinlik 7:

Iň gowy bilýän sapagy taryh bolanlaryňam geň galjagy maglumatlar. Bu maglumatlaryň käbiri gülkünç, käbiri gynançly, käbiri gyzykly. Eger bu zatlar taryh sapagynda öwredilsedi, hemmämiziň iň gowy görýän sapagy taryh bolardy :) Hany onda biri-birinden gyzyk täsinlikleri okaly:

22. Benjamin Franklin, ABŞ-nyň birinji teňňelerinden birini ýasady:

Teňňede "Taňra ynanýarys" ýazmalydy, ýöne
"Sen öz işiň bilen bol" ýazýardy.

23. Lakamy "Bluetooth (Mawydiş)" bolan Norwegiýa şasy I. Harald, häzirki wagt tehnologiýasy üçin ylham çeşmesi boldy:

Adamlary bir ýere toplap bilýäni üçin lakamy häzirki wagtda baglanşyk tehnologiýasyna adyny berdi.

24. Beýik Ashoka:

Bu hökümdar gulçulygy, ölüm jezasyny, haýwan zulumyny we tokaýsyzlaşdyrmagy gadaganlan ilkinji hökümdardyr.

25. 18-nji aprel 1930-njy ýylda, BBC "möhüm habar" bolmadygy üçin habarlar bermek ýerine o gün diňe aýdym çaldy.

26. Rimli söwdagär ýasama şaý-sepleri satýany üçin günäkärlendi we Rim Imperatory Gallienus bir ýolbars bilen garşylaşmasy kararyna geldi:

Ýöne kafes açylanda ýolbars deregine towuk çykdy we şol wagt Gallienus şu sözleri aýtdy: Ol adamlary aldany üçin häzir özi aldanyldy.


Halan bolsaňyz we Taryhda täsinlik postlarynyň paýlaşylyp durmagyny:
isleseňiz👍 / islemeseňiz👎
Basyň :)

Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!
12
216
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
1 Yanwar 2022
SimpleGirl,Banucıcek, Sagboluň 😉👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
31 Dekabr 2021
🙂😀👍👍👍👍👍👍👍👍👏👏
ideallider
31 Dekabr 2021
Hehe "Ol adamlary aldany üçin özi aldandy" nämede bolsa bu dünýede az owlak hasaplaşypdyr😄👍
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
31 Dekabr 2021
Salam ýene sanaglyja sagatdan Täze ýyl gelýär we bu täze ýylda uzak ömür, bagtly durmuş, agzybir maşgala iň esasysam jan saglyk arzuw edýän, şadyýan geçiriň täze ýyly😉
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.