sahet_ashyrov
21.01.2020 09:00
ADAM EKENIM.

Men bu gün bar, belki ertir bolmaryn.
Ýalan bolup galar diyip aýdanym.
Ýöne ýüreklerden gitmez hiç haçan.
Gijelerine aglap aýdan aýdymym.

Men bu gün bar şonuñ üçin yazaryn.
Kemsidenler çykar gider ýadymdan.
Ýaşaýyş bar diýilýäni cyn bolsa.
Ynsaby aýyrmaryn asla ýanymdan.

Men ýenede ýapyşaryn galama
Iller telwas etse Jennete sary
Berer ýaly bize agyr jezany
Köýen däldir ahyr täleýiñ ary.

Men bu gün bar şonuñ ücin eyyämden
Didelerim goý dolmasyn göz ýaşdan
Täze bir dünýäniñ yşkyna düşýän
Adam gecenden soñ ep esli ýaşdan.

Men bu gün bar hic kim bilip bilmeyär
Kysmatynda nämeleriñ bardygyn
Ýaşaýyş bar bolsa diýesim gelyär.
Bir ýerlerde duýgalaryñ barlygyn

Men bu gün bar, belki ertir bolmaryn.
Janyña ynam ýok ýalan dünyede
Arslan aýdar duşman asla gülmesin
Hatda iki dünyede hem asla solmaryn.

✏Arslan Hojadow
6
554
sahet_ashyrov
22 Yanwar 2020
Goşgynyñ awtory aşagynda ýazylgydyr
M.B.N
22 Yanwar 2020
Ajaýyp eserler goşgyñ awtory sizmi
☆NUR☆
21 Yanwar 2020
???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.