Guvanc
27.12.2021 02:10
ÝEKELIK

- Gün ýaşansoñ heriňiz öz otagyňyza girýärsiňizde meni ýeke goýup gidýäňiz. Gije-gündiz dört diwaryň arasyndan çykman oturmak meniň näme maňlaýyma ýazylypmy? Ol-da az-küş wagtam däl. Eneňiziň gaýdyş bolanyna baryp-ha on ýyl geçdi...
- Näme etsem diýýäňiz atam!
- Içim gysýa, Mekan. Meni bazara äkit!
- Togsan ýaşda-da bir bazar bormy, ata, ýaramarsyňyz. Sakal-murty bireýýäm ak kamyş bolsa-da entek bili bükülip, katdy ol diýen ýaý bermedik goja hökümli dillendi.
- Ýarap-ýaramany meniň ýülügim siziňki ýaly azot garyndyly däl. Äkitmeseňiz jontuk eşek sag bolsun.
- Eýtseňiz "Döwran mirap, akylyndan azaşypdyr" diýip ili üstüňizden güldirsiňiz atam.
- Gülseler gülüp geçsinler. Bazara çykmaga göwnüm küýseg edýär.
Soňky günlerde iňňirdisi artan garry atasynyň raýyny Mekan şondan aňry ýykjak bolup oturmady. "Žiguliniň" öňüne apalap mündürensoň, ony şähere alyp gitdi. Ýöne märekeden hyň berýän bazaryň çetinden girenlerinde bir pursat daýanan goja aňkardy galdy.
- Bä-ä, bi nebela mähelle, ozal beýle köp adam bolmaýady-la. Ýeri, oglum, et satylýan dükana baraýaly.
Ahmal bolsaň müşderisiniň jürüni berjek bolup, dişini çarhlap duran gassaplary bir hatar synlansoň ol pişge murt, ziňňirt ýigide:
- Ogul, Ysmaýyl gassap barmydyr?
"Bi mürşük garry herne akylyndan azaşaýana däldir-dä", diýen manyda Mekanyň ýüzüne sereden satyjy herhal morta jogap bermedi. Mylakat etdi.
- Ol soraýan adamyňyz atam, bireýýäm bende boldy.
- Onuň inisi Ybraýym gassap berin barmydyr? - diýende, satyjy başyny ahmyrly ýaýkap göýberdi.
- Ol-da topraga garyldy.
Goja şondan aňry ol ýerde eglenmedi. Mal bazaryna baryp Ýusup dellal, Öre gazykçy, Şerip nanbaý, Ähmet suwçy dagyny görmekçidi. Arman, deň-duşlarydyr tanyş-bilişleri ol ýerde-de gözüne ilmedi. Lapykeç bolan Döwran mirap bir salym agyr oýa batansoň çowlugynyň ýüzüne melul garap, gynançly dem aldy.
- Ýeke özümiň galanymy bilmän ekenim, oglum. Ýeri, öýe gaýdaly!

HANGELDI GARABAÝEW.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
9
98
N.T.
27 Dekabr 2021
Yeke özuñ galsañam her kime ýetdiraýenok 90 yash 😔😔hazir gaty yash ölýänlerem bar😔😔👍
Myhman Myhman
27 Dekabr 2021
Tasirli 🥺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.