Aynara Batyrovna
20.01.2020 21:35
Şunça nazarlaryň salýan agramyn
Diňe agras nazar göterip biler.
Siz bolsa bihabar öz boýuňyzdan,
Öz agramyňyzdan, öz güýjiňizden,
Abraý, şöhrat diýen asylly zady
Ýeňles gyzdyr öýdüp öz içiňizden,
Onuň gujagyna doljak bolýaňyz
Pirim, hile bile, mahabat bile,
Berim-peşgeş bile, gep-gybat bile.
Ol bolsa ne aldaw, ne sowgat bile
Ýanyňyza gelýär,
Iş salyşýar ol.. Zehin, zähmet bile
Kanagat bile..
Kerim Gurbannepesow❤
6
408
Myhman Myhman
20 Yanwar 2020
gou eken
Wepa Gurbangeldiyew
20 Yanwar 2020
????✌️
Aýjemal
20 Yanwar 2020
Gowy??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.