❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
21.12.2021 22:05
Otag

Bir garry we örän akylly adam dostuna:

“Biziň otagymyza has gowy göz aýla we goňur zatlary ýatda saljak bol"diýipdir

Otagda goňur zatlar köpdi, dosty gyssagly işe başlady. Emm oňa şu soragy berdi:

- Indi gözüňizi ýumuň we gök zatlaryň hemmesini aýdyp başla.

Dosty bulaşdy we gaharlandy:

- Gök bir zady görmedim, sebäbi diňe goňur reňkli zatlar ýadyma düşdi!

Akyldar oňa:

- Gözüňizi açyň, töweregiňize serediň - otagda gök zatlar köp.

Bu hakykatdy.

Soňra goja sözüni dowam etdirdi:

- Otagda diňe goňur zatlary we durmuşda diňe erbet zatlary gözleýän bolsaňyz, diňe olary görersiňiz, diňe üns berersiňiz we siz diňe olary ýatda saklarsyňyz
Ýadyňyzdan çykarmaň: erbet bir zat gözleýän bolsaňyz, hökman taparsyňyz we gowy zady görmersiňiz.

8
113
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
22 Dekabr 2021
𝐄𝐟𝐬𝐨,🙂....Myrat2000(postyoka),sag boluň 🙂
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
21 Dekabr 2021
Öň okapdym ýöne başgaçarak, şondada sagbol😊
N.T.
21 Dekabr 2021
hak aydylan👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.