Ovezova_
20.12.2021 20:18
Gadymy döwürde bir ýaşuly ak-sakal goja egni bilen alan odunlaryny obada satmak üçin köçäň ugrundan, märekeli ýerden geçip barýardy. Bu ýaşulyny köpler synlady, köpler üns bermedi. Sebäbi herkim öz gara-gününe başagaý. Şol märekäniň içinden ulurak ýaşly adam çykyp:
— Ýaşuly, wagtynda ekmediňmi!? — diýip batlyrak ses bilen, naýynjar sorady. Ýaşuly hem säginip, demini alyp, çala ýylgyryp:
— Ekdim, il-ordy! — diýip jogap berdi we ýene odunyny egnine alyp ötägitdi. Köpler bu ýagdaýy gördüler. Köpler "Iki ala-sarmygyň gürrüňi" diýseler, ýenelekiler düşünmediler. Azlar bolsa "Rast gürrüň" diýip işleri bilen boluberdiler.

Awtory: Halk arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.
10
195
ideallider
21 Dekabr 2021
Melikee, howwa
Melikee
20 Dekabr 2021
Şuny meniň bir postumda gysgajyk aýdyp beripdiň.👍
ideallider
20 Dekabr 2021
Barlagcy, sen söz ugurlaryna belet bolmaly. Onsaň bilýänsiň "Bir sözlemiň köp many" berýänini!👍
Ovezova_
20 Dekabr 2021
IDEALLIDER,senem sag bol
barlagcy
20 Dekabr 2021
Berekella gowy Tymsal. Il ordy diymek bilen name jogap berjek bolupdur yasuly?!
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
20 Dekabr 2021
👍👍👍👍👍👏
ideallider
20 Dekabr 2021
Sagbol😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.