Ýaş geçdigiçe düşünilýän zatlar.
3 GEZEK DOGULÝAR YNSAN.
Näme diýipdir ussat; ynsan 3 gezek dogarmyş,
İlki ejesinden, 18'inde kararlaryndan, 40'ynda ýalňyşlaryndan...NEGATİW PİKİRLENMEK
- "
Geçmez" diýdigiň hemme zadyň geçýändigine,
- "
Gutarmaz" diýdigiň hemme zadyň gutarýandygyna,
- "
Bolmaz" diýdigiň hemme zadyň bolýandygyna,
- "
Etmez" diýdigiň hemme kişiniň edýändigine
DÜŞÜNERSİŇ...
Az gürläp, köp diňlemek. Başgasyna baha bermezden özüňe baha bermegi unutma.
Baglanmak = ejir çekmek.Hiçbir zada degmez, özüň üçin ýaşamagyň şertdigine;
DÜŞÜNERSİŇ...
Ynsanlara has az ynanmagy, hak edişinden köp gymmat bermezligi, hormadyň aslynda söýgiden has möhümdigine,
yz galdyrsada her zadyň gelip geçýändigine
DÜŞÜNERSİŇ...
HER ÝAŞ WAGTYNDA GÖZEL...
Gelinen ýaşyň kiçi wagtyň göründiginen has kiçi görünmegi. Ol ýaşa gelmänkäň diýýäň ne uly ýaş, zat ýöne içiňde duýup bileňok.
Düşündirip bilmedim gerek?ÝALŇYZ SEN...
Ýöreýän ýoluň diňe seňki. Ýola goşulýanlar bolýar, ýoldan çykanlar bolýar, ýolda mesele çykarýanlar bolýar ýöne hemmesi geçip, gidýär. Ol ýolda sen galýaň şatlygyň, hasratyň, gülkiň, gözýaşyň bilen; diňe sen.GİÇ BOLSADA DÜŞÜNÝÄRSİŇ...
Ýaş geçdigiçe ýalňyzlaşýanyňdan' my ýada gaty köp kalby 5 köpük etmez ynsan bilen garşylaşanyňdan' mydyr bilmen ýöne seni garşylyksyz, senden hiçbir zada garaşman, diňeje seni sen bolanyň üçin söýýän bu ynsanlaryň gymmatyna ýaş ilerledigiçe düşünýärsiň...hemme zat üçin gaty giç bolsada.WAGT GATY ÇALT GEÇÝÄR...
Wagtyň aslynda hemişe çalt geçýändigi, çaga wagtymyz wagt has haýal geçýän ýalydy. Megerem ol özümize aýryp bilýän wagtymyzyň bollugy eken. Ýaş ilerläp durmuşa ätlänimizde ynsan wagtyň tizligine geň galýar. Birem pandemiýanyň bizden ogurlan uly iki ýylyny göz öňünde tutsak, durmuş gaty çalt geçip barýar...