lord
19.12.2021 20:15

Ajaýyp ylmy we edebi eserleri bilen adygan türkmen alymlary-
nyň biri Ibrahim as-Sulydan «Ynsanyň ýagşy gylyklydygyny neneňsi 
bilip bolýar?» diýip sorapdyrlar. Alym: «Bir adamyň wepalylygyny, 
sözünde tapylýandygyny, ýagşy gylyk-häsiýetlidigini, aslynyň aras-
sa, zannynyň päkdigini bilmek isleseň, onuň Watanyny küýseýişine, 
Watana bolan söýgüsine seret. Eger ol adam dogan-garyndaşlaryny 
göresi gelýän bolsa, ata-babalarynyň geçmişine buýsanýan bolsa, 
onda bilgin, ol adam hakyky wepaly, kerem ahlakly adamdyr» diýip, 
jogap beripdir. «Dogduk mekanyňa bolan söýgiň aslyň päkligine de-
lil» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.


"Türkmenler hakda 100 hekaýat".
9
137
N.T.
19 Dekabr 2021
👏👏👏👏👍👍
Älem
19 Dekabr 2021
👍👍👍...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.