Bagtsyz aşyklar. Grek mifalogiýasyndan bir hekaýa.
Ýurdunyň iň owadan gyzy Thesibe we görmegeý oglan Piramus bir-birini gaty gowy görýärler. Çagalygy biri-biri bilen geçip, wagtyň geçmegi bilen aralaryndaky bag söýgä öwrülýär, ýöne iki tarapyňam maşgalalary asla bu gatnaşyga rugsat bermeýär.
Soňunda iki aşyk bir agşam gaçmagy ýüregine düwýärler web tut agajynyň aşagynda duşuşmak kararyna gelýärler. Ertesi gije, Thesibe öýden gaçyp, tut agajynyň aşagynda söýgülisine garaşýar, ýöne Piramus ir bäri gelmeýär.
Edil şol wagt bir ýolbars gelýär we Thesibe gaçyp bir gowakda gizlenýär. Gaçyp barýarka, şarpyny gaçyrýar we ýolbars geçip barýarka şarpyň üstüne basyp gan degirýär.
Beýleki tarapdan, birneme wagt geçensoň, Piramus gelip, şarpyň üstündäki gany görýär we söýgülisiniň ölendigini pikir edip, elindäki gylyjy döşüne sünçýär we döşünden akýan gan tut agajyna ýaýraýar. Birneme wagt geçensoň, gowakdan çykyp, agajyň aşagyna gelen Thesibe, söýgülisini ganlar içinde görüp, gylyjy alýar we özüne sünçýär we şol ýerde jan berýär. Bulara şaýat bolan Taňrylar Piramusyň ganyny tut miwesine, Thesibeniň gözýaşlaryny bolsa tut agajynyň ýapraklaryna berýär.
Şeýlede bir zat bar; "Gara tut tegmilini diňe öz ýapragy bilen aýryp bilersiňiz."