Hytaý akyldary Konfusiýden pähimler:Näme gözleýändigini bilmeýän adam, tapanynda-da, onuň nämedigine düşünmez.
Ähli zadyň gözelligi bardyr, ýöne, muny her kim görüp bilýän däldir.
Garaňka nägile bolma-da, birje şem ýak!
Gapyňyzyň öňüni arassalaman, goňşyňyzyň üçegindäki gara şikaýat etmäň!
Oýlanman öwrenmek peýdasyzdyr, öwrenmän oýlanmak howpludyr.
Alkyşy sessiz-üýnsüz kabul eden adam, alkyşa laýyk adamdyr.
Bir adam ýalňyşlyklaryny bilibem düzetmeýän bolsa, diýmek, olara öwrenişendir.
Beýik adam özüne akyl ýetirjek bolar, pes adam özgelere.
Bilmek adamy şübheden, ýagşylyk yzadan, kesgitlilik gorkudan halas eder.
Sypjyrylan almaz sypjyrylmadyk daşdan has gowudyr.
Gowy adam owadan gürleýän adam däl-de, aýdýanyny amal edýän ýa-da amal edip biljegini aýdýan adamdyr.