Kerim Hallyýew/
...
Ogul:
Salam mährem gülçi daýza,
çemen bogaý bägülden.
Ol şeýle bir gözel bolsun,
Haýran galsyn Bägül hem.
Ogul:
Salam mährem gülçi daýza,
çemen bogaý nyrhsyzrak.
Bar:
bir maň
laýymdan öper,
Ejem muň
a parhsyzrak.
Aýaly:
Salamalik gülçi daýza,
bogaý arzan
çemeniñ.
Erkekdirdä...
Şu gülem bor,
awlaryn oň
ýüregin.
Ejesi:
Salamalik gülçi dogan,
bog çemeniñ gymmatyn.
Çünki otuz ýaşar bu gün,
ýeke didäm Hommadym.
Bu zatlary gören gülçiň
,
pikirleri boldy döwüm,
Ejemizde ýokmyka,
ýarymyzda bar göwün...