Dört şem...Dört sany şem ýylpyldap ýanýardy..
Töwerek şeýle bir ümsümlikdi welin, şemleriñ sesine çenli eşidilýärdi.
Birinji şem :
- Men PARAHATÇYLYKDYRYN!Adamlar meniñ bolan ýerimde parahat, rahat ýaşar. Emma nädeýin,
hiç kim meniñ öçmän ýanyp durmagyma kömek edmeýär. Her ýerde
uruş, dawa-jenjel. Göwnüme bolmasa, tiz wagtdan sönerin-diýdi.
Onuñ ody çalt peseldi-de birdenem söndi...
İkinji şem:
- Men WEPADYRYN !Men dost dünýesinde ösýän bir güldirin. Söýgi we adamkärçilik
bagynda boý alyp, gunça açýaryn. Meniñ bar ýerimde ýalñyzlyk gider,
damja derýa, derýa ummana döner. Emma meniñ gadyrym azaldy.
Gadyrymyñ ýok ýerinde ýanyp durmagymyñam manysy ýok. Şem
sözüni tamamlap tamamlamanka pessaýja ösen şemal ony hem
söndürdi
Üçünji şem :
- Men SÖÝGÜDİRİN ! 💖💖💖
Dünýä gelen her barlykda meniñ yzymy görersiñiz. Meniñ bilen
bitewileşen ruhlar belentliklere ýeter. Çaga söýgi we mähir gujagynda
rahatlanar. Güneşiñ daş töwereginde-de söýgi yzlary bardyr. Gül-
gülälekler söýgi bilen ygşyldaşarlar. Ynsan göwnüni awlamagyñ iñ anyk
ýoly SÖYGÜDIR.Nädeýin, ýanara halym galmady. Adamlar meni unutdy.
Gadyr-gymmatyma düşünmeýärler. Iñ ýakyn adamlaryny hem söýmegi
unutdylar-diýdi. Uzaga çekmän ol hem sönüp gitdi. Birden... Otaga bir
çaga girdi-de şemleriñ üçüsiniñem sönenini gördi. Çagajyk: -Näme üçin
ýanmaýarsyñyz? Siz zamana ahyryna çenli sönmän ýanmaly
dälmidiñiz?" diýip, gözlerinden boýur- boýur ýaş dökdi.
Şol pursat dördünji şem söze başlady:
- Gorkma, men ýanyp dursam, beýleki şemleri täzeden ýakyp bileris.
Maña
UMYT diýerler. Meniñ bar ýerimde her kes, her jemagat direler.
Aşylmajak ýaly görünýän belentlikler meniñ bilen açylar. Adamlar
ömrüñ añyrsyndaky Gudraty soñsuza ýakynlaşar. Päkligiñ, tämizligiñ
durulygyñ simwoly bolan çagajyk nurly gözleri bilen
UMYT ŞEMINI eline aldy-da beýleki şemleri ýeke- ýekeden ýakdy...