https://owrenmeli.app/18234-hemiselik-bitarap-dowlet.html#comment
lord
12.12.2021 19:36
Biziň watanymyz Türkmenistan 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sine BMG-nyň Baş Assambleýasynyň " Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy" atly rezolýusiýasynda "Hemişelik Bitarap Döwlet" stasusyny aldy.
2017-nji ýylyň fewral aýynyň 2-sine BMG-synyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry "Halkara Bitaraplyk güni" diýlip ykrar edildi. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň halkara jemgyýetçilikde we parahatçylygy gorap saklamakda uly abraýynyň barlygyny görkezýär.
"Hemişelik Bitaraplyk " türkmen halkynyň Döwlet Garaşsyzlygyndan soň, ikinji milli buýsanjy hasaplanylýar.
Ýurdumyzda Hemişelik Bitaraplygyň şanyna " Bitaraplyk binasy" guruldy. Bitaraplyk binasynyň beýikligi 83 metr. Binaň ýokarsynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň heýkeli bolup, onuň beýikligi 12 metre deňdir, jemi 95 metre deň bolup, bu sanlar ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolan senesini- 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryny aňladýar.
"Bitaraplyk baýramy" her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýär.
2015-nji ýyla- "Bitaraplyk we parahatçylyk", 2020-nji ýyla- "Türkmenistan Bitaraplygyň mekany", 2021-nji ýyla-" Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany" diýlip at berildi. Bu bolsa, Bitaraplygyň milli buýsançdygyny bildirýär.
8
74