Dünýäde ýaşap ýören adamlaryň arasynda iň uzyny türkiýeli Sultan Kesen hasaplanýar Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi taýdan berýän maglumatlaryna görä, onuň boýy 251 sm.
Robert Perşing Uodlou 1918-nji ýylda ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Manisti diýen ýerinde eneden doglupdyr. Aradan çykan wagty onuň boýy 272 sm, agramy 199 kg bolupdyr. Ol 1940-nji ýylyň 15-nji iýulynda aradan çykypdyr. Robert Perşing Uodlou iň uzyn adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdir. Ýene bir mähnet adam ukrainaly Leonid Stadnik bolupdyr. Ol 1971-nji ýylda doglup, 2014-nji ýylda hem dünýäden ötüpdir. Mähnet adam adyny alan Leonid Stadnik bary-ýogy 44 ýaşapdyr. Onuň boýy 253 sm, agramy 200 kg bolupdyr. Ukrainaly mähnet adamyň eliniň aýasy 31 santimetre deň bolupdyr. Leonid Stadnigi 2007-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizipdirler.