Tom we Jerriniň asyl manysy
11.12.2021
1
Durmuş
16
2 188

Tom we Jerriniň asyl manysy.


40 ýyl ozal ABŞ-da döredilen "Tom we Jerri" atly çagalar üçin karton filmler bardy. Öýüň pişigi we syçany arasynda geçen uruşlary gyzykly bir görnüşde görkezýärdi...

Diňe kiçijik çagalar däl, ulularam gülüp hezil edip oturup görerdiler we syçan hemişe ýeňerdi we pişik betbagtçylyga duçar bolardy.  Pişik hiç haçan syçanjygy tutup bilmezdi, elmydama şowsuz bolardy we üstesine-de ýaralar içinde galardy.  Tom pişigiň, Jerri bolsa syçanyň adydy.

Pişik bilen syçanyň arasynda rehimsiz, yzygiderli söweş alyp barýarkalar, köplenç jaýa uly zyýan ýetirerdiler, ýöne öýüň adamlary bu uly we gizlin uruşlar hakda hiç wagt bilmezdiler!

Bilenlerinde bolsa, syçanjygyň (Jerri) mydama bigünä rol oýnaýandygy, hakyky günäkäriň pişigiň (Tom) bolandygyny görkezýar we pişige berk käýinilýärdi we jezalandyrylýardy.

Oýunda garaz!
Tükeniksiz oýun! 
Jerri hiç haçan tutulmady we Tom hemişe taýak iýdi. Jerri özüni öýüň gymmatlysy we ýeke-täk eýesidir öýdüp, öýüň içinde isleýşi ýaly aýlanmaga hukugym bardyr diyip pikir edýärdi.

Tom özüniň jaýyň esasy garawulydygyny bilse-de, şoňa görä hereket etse-de, öý eýesine hakyky günäkäriň gödek, tertipsiz Jerridigini hiç wagt düşündirip bilmedi. Filmdä garaz.  Emma hakyky durmuş şeýle boldumy?  Kim bilýär?  Belki!

Belkide şol karton filmleri taýýarlan amerikan dostlarymyz (!) Durmuşyň şeýleräkdigini bize düşündirmek isleýärdiler!

Öýde bolmagy bikanun, Jerri ýaly ähli faktlary dolandyrýan aldawçylaryň, ýalançylaryň, hyýanatçylykly, zyýanly adamlaryň bize hakyky durmuşy dolandyrýandyklaryny düşündirmek isleýärdiler!

Belki, hakyky durmuşda beýle zat bolmaýardy we syçanlar hökman arassalanýardy, şol kinoremakissýorlar jemgyýeti güldürip, hoş wagt geçirdip we Jerri ýaly adamlary jemgyýetden gizlemäge synanşýardylar.
mahu
22 Iýul 2023
Yashlygymyz shu multik bn gecdi😇
lalahan
11 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Myhman Myhman
25 Sentýabr 2022
Tom caga hacan gorsen oyden kowulardy sagbolun biz bilen paylasanynyz ucin
MerdanSaparow
31 Awgust 2022
Ikisi hem biro biri bn alysmayar alysybam bolmayar tom pisok jerruy sycan ahyry tomyn gowy goryan nahary osan nadip saklansyn
KK_MyRat-N
22 Awgust 2022
Asyl basgaca manysy bardy bu multfilimin 🦧

Yene dislayka basyan tapyldow 🌝
Myhman Myhman
3 Awgust 2022
Bet multik 😂
Myhman Myhman
14 Iýul 2022
dm gow multikä
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
5 Iýul 2022
menem su

menem su multfilme gaharym gelyadi, Tom günasiz yere gunakarlenya, Jerra isleyan zadyny berse gowy zyandan gorajak bolsa yaman.. garaz içyakgyç

gyzykly post eken multfilmiñ asyl manysyny bildim.. seyle many gizlenen basga multfilmlerem az dal
Ýürekden_çykan_setirler
18 May 2022
Gyzykly👍👌
Dilya
31 Dekabr 2021
Da doğru yaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.