Aşa pikirlenýän (overthinker) şahsyýetleriň aýratynlyklary.
1. Artykmaç derňew.
Näbellilik bar bolsa, şahsyýet gorkyny başdan geçirýär we hemme zady dolandyrmaga synanyşýar. Mysal üçin, işde ýalňyşlyk goýberendigini ýa-da göýbermändigini yzygiderli barlaýar.
2. Pursatdan daşlaşmak.
Başga biri bilen duşuşanda kellesinde diňe negatiw pikirler bolýar. Şol pursata ünsini jemlemekde kynlyk çekýär.
3. Herekete geçip bilmezlik.
Üznüksiz pikirlenýändigi sebäpli meýilnamalaryny durmuşa geçirip bilmeýär we şol sebäpli höwesi peselýär.
4. Yzygiderli tassyklamak.
Hemişe aýyp zat etmäýin diýip özüni alyp barşyna aşa üns bermek. Näme diýse-de, näme etse-de, munuň dogrydygyna göz ýetirmäge synanyşýar.
5. Ünsüni jemläp bilmezlik.
Aşa pikirlenýän şahsyýetler köplenç özlerini ýadaw we ysgynsyz duýýarlar we daş-töwereginde bolýan zatlara ünsüni sowýarlar.
6. Geçmişdäki ýalňyşlyklary ýada salmak.
Öňki ýalňyşlyklaryny hemişe ýada salýar we özüni aşa negatiw tankytlaýar.