Guvanc
05.12.2021 01:13
Bir gezek Ependi bazardan gaýdyp gelýän eken. Degişgen, mydama bir hokga çykaryp ýören Ependiniň kellesine bir pikir gelipdir: "Gel, adamlary aldap hezil edeýin-le!" Onsoň ol öňünden çykana "Bazarda mugt et paýlanýar" diýip aýdypdyr. Bu "habar" adamdan adama, dilden dile geçip, il bary eňipdir bazara tarap. Öýüne çenli ýol ep-esli bolara çemeli, soňabaka iller Ependä "Bazarda mugt et paýlanýar" diýip, öňünden çykan bazara tarap ylgaýarmyş. Muny görüp, Ependiň özem barha "Dogrudanam, şeýle bolaýmasyn?" diýip ynanyp barýarmyş. Onsoň olam ahyry saklanyp bilmän, adamlaryň yzyna düşüp, bazara ylgapdyr.
8
221
Cindrella
5 Dekabr 2021
Wayyy😂😂😂
ideallider
5 Dekabr 2021
Şeýle diagnoz hem bolmaly. Ýagny "Öz aýdan ýalan sözüňe ozün ynanmak" bu diagnoz ylmy-taýdan kabul edilen👍
ylham_1989
5 Dekabr 2021
👍👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.