N.T.
02.12.2021 20:18
SYNAG


Lukmançylyk institutynyñ talyby anatomiýa dersinden synag tabşyrýar. Onuñ bijesine düşen sowallara beren jogaplaryna göwni ýetmedik mugallym:
- Seniñ sowallara beren jogaplaryñ-a ugry ýok. Saña goşmaça sowallaram berip göreýin. Hany, aýt, köriçege näme iş bitirýär?
- Aý, mugallym, bu wagtlar gözli bolup iş bitirmek añsatmy. Özi köriçege bolsa, oñarýan oñly işi ýokdur. Şonuñ üçindir-dä, köplenç onuñ kesilip, zyñylyp goýberilýäni - diýip, talyp mugallymyñ ýüzüne garaýar. Mugallymam onuñ jogabyna güljegini, gaharlanjagyny bilmän, ýene-de bir sowal berýär:
- Dalak nämä gerek?
- Kakam-a mal soýanda "Şu iýilýän zat däldir" diýip, dalagy gapdala zyñyp goýbererdi. Eger image ýaramaýan bolsa, başga ýerde-de geregi ýokdur-la şonuñ.
- Hä, şeýlemi? Onda saña iñ soñky sowal. Kirpik nämä gerek?
- Kirpik gyz-gelinlere reñk çalyp, jaýtardyp goýmak üçin gerek. Onuñ erkek adama nämä gerekdigini men-ä bilmedim, mugallym - diýip, mugallymyñ ýüzüne garanda, ol saklanyp bilmän, gülüpdir-de, soñundanam:
- Seniñ bilimiñ üçin-ä ikilik, toslama ökdeligiñ üçinem bäşlik, synaga täzeden taýýarlanyp gel - diýip, çykaryp goýberipdir.

Nurberdi DÄDEBAÝEW.
5
275
N.T.
3 Dekabr 2021
IDEALLIDER,hak aýtýañyz şona😄😄😄
ideallider
3 Dekabr 2021
Her molla bilenini okarda😄👍
N.T.
2 Dekabr 2021
Гульхан,😢 gorkularymyzyn cyn yada yalan bolup cykjagyny diñe tomusda bileris🥲
Gülhan
2 Dekabr 2021
N.T., gorkularmyz meňzeş😭
N.T.
2 Dekabr 2021
Гульхан,dushunyan sana gulum mendede bar aheyle duygylar gorkylar😔😔Shol gecen gunler yadyma dushse yene sho gunler gaytalanar dp gorkyan😔😔😪

Гульхан,Yadyma dushse agym tutyardaa😪😪😪
Gülhan
2 Dekabr 2021
N.T., menem öňki gatnap öwrenenlermi başgalara öwretmek arkaly gaýtalap geçip otyrn oza. Yöne göwnüm galan ýaly birhili 😔
N.T.
2 Dekabr 2021
Гульхан,himiya okayan ozaa youtubdan sen nahili
Gülhan
2 Dekabr 2021
N.T., enşalla gülm ♥️howwa az galdy taýnlanýaňmy sen
N.T.
2 Dekabr 2021
Гульхан,howwa 🤗🤗🤗🤗 nesip bsa dokdor bolmak arzuwlarymyz buýyl bir hasyl bolgay Allajan🤲🤲🤲Tomusa indi wagtam azaldy gyyyzz gys gecse galany derrew gecyar😊😊😊

Гульхан,degishme bolaysyn diydim😔
Gülhan
2 Dekabr 2021
N.T.,senem şeýle 🤗

N.T.,senem şeýle
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.