N.T.
29.11.2021 22:05
SENDEN SOŇ…

Gitseň, ýykyljak ýalydy,
Ýöne dünýä üýtgemedi.
Bar bolan zat − ýüregimi
Ýalňyzlygym tüýtmeledi.

Dogry, kä kalbymy berdim,
Gussaň hökmüne howala.
Hiç kimden jogap tapmadym,
«Nämüçin?!» diýen sowala…

Günler geçdi, gaçdy kem-kem,
Geljegiňe bar ynamym.
Boýun aldym, seniň indi
Geçmişime garylanyň.

Bu durmuş, göwnübir ýaly,
Üýtgetmedi şol bolşuny.
Bir men, has gamgyn synlaýan,
Ýapraklaryň «ýogalşyny».

Ýaprak deý tändi köňlümden,
Başa barman, päk niýetim.
Gitdiň…ömrüm birazajyk
Ýitirdi öz ähmiýetin.

Sen ýada düşýäň diýmeseň,
Durnalaň gidýän halaty.
Dünýä asyl üýtgemedem,
Gitseň, ýykyljak ýalydy…


Awtory: Mätgurban Mätgurbanow
9
222
N.T.
30 Noýabr 2021
Banucıcek,sag bol😉😚
N.T.
30 Noýabr 2021
Banucıcek,🤭🤭🤭wii calyshyan shol iki sahyry
N.T.
29 Noýabr 2021

™™™,Kerwenbashy diyen lakamam bolmaly
™™™
29 Noýabr 2021
Öz dowrinin Magtymgulysy diyen ady güne yatyp almandyr Kerim aga hemme goshgysy gowy
N.T.
29 Noýabr 2021
™™™,Sag boluñ))kawagt goshgyny gurruñ beriljek bolyan manysyny goshgy duzulish formasyna gabat gelmese-de dushunip bolyar.Kerim Gurbannepesowyñ goshgularyny gowy goryanda
™™™
29 Noýabr 2021
Goshgy düzülish usyla dushnemok ugryny bilemok yone okamana gowy okanyna degya ikisem

Men yazan goshym kerim gurbannepesowyn goshgusy
N.T.
29 Noýabr 2021
KöWsEr,👍🤗🤗🤗
N.T.
29 Noýabr 2021
™™™,bir yerde okapdym öytyan shuny😔😔👍

™™™,goshgulary nahili gorduñiz goyyan balyñyz nacerak
™™™
29 Noýabr 2021
Meni yitirersin bu yitgi ucin Uytgemez älemin yekeje gylam Dine bir sekuntlyk gygyrar toprak Ayylganc gygyrar yandy bu oglan ----- Gygyrar koydirdin melguna uyup Soyginin apetin dostlaryn beygin Akylyna oran ulydy welin Akylyñ dek uly yalnyshdyn Keygim!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.