N.T.
28.11.2021 14:28
EJE!

Kän ýykyldym, tutan ýokdy elimden,
Arzuwlam wysaly bolmady eje!
Aglatdylar ýaşlar akdy gözimden,
Ykbal hijem maña gülmedi eje!

Söýgim diýdim, bolar öýtdim wepaly,
Hem ynanyp çekdim ençe jepany,
Ýürege salynan şeýle yzany,
Hiç kim ýüregimden almady eje!

Syrym aýtdym, paýladylar syrymy,
Dostdur öýtdim, ýakyn görip birini,
Durmuş görkezmedi ýoluñ ugruny,
Gussamy hiç kimem añmady eje!

Dertdeş bolup meñ üstimden güldiler,
Hem bagtymy meñ elimden aldylar,
Kalba tükenmejek yza saldylar,
Dünýämde gamgyn saz ýañlandy eje.
Sen ekeniñ ýeke maña ýürekdeş,
Başgalara ynamym soñlandy eje!!!

Perman HALGYLYJOW.
6
135
Ovezova_
28 Noýabr 2021
👏👏👏👏👍👍👍
Gülhan
28 Noýabr 2021
Dünýämde gamgyn saz ýaňlandy eje...
Melikee
28 Noýabr 2021
Ulalyp saýgardym gaty kän zady,
Maý berseler çagalykdan gitmezdim,
Men ulalsam seniň garrajagyňy ,
Bilen bolsam eje arzuw etmezdim.👍
N.T.
28 Noýabr 2021
KöWsEr,sps😘
N.T.
28 Noýabr 2021
Banucıcek,😔😔😔😪Sen ekeniñ dine mana yurekdesh EJE😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.